violinist
10.05.2023 21:01
Ýadyňdamy?
Ýoldan geçjek mahalym,
Aladamy edip tutduň elimden,
Ana şonda ulaglar däl, gadyrdan,
Şygyrlar güwleşip geçdi deňimden.

Ýoly kesip geçenden soň ýylgyryp,
Ötünç sorap goýberipdiň elimi.
Soň ýene-de goşgy okap barýardyň,
Men barýardym dürsäp bilmän demimi.

Şol gün boýsyratyň ogrynça synlap,
Goşgularňa erkim beren mahalym,
Bakyşlaryň ikä bolüp ýüregmi,
Ekdi arasyna söýgi nahalyn.

Pikirlem tokaýdyr, oýlarym jeňňel,
Arzuwym gyraksyz, başym ýaýkaýan.
Inçe tamalarmy şatuda daňyp,
Her gije sen hakda goşgy okaýan.
22
117
menesa___
11 May 2023
😊👍.....
Akgyz💗
10 May 2023
👍👍👍👍....
YlhamG
10 May 2023
🥰🥰🥰🥰🥰
YlhamG
10 May 2023
🥰🥰🥰🥰🥰
abat
10 May 2023
Suratam jüpüne düşüpdir👍🏻💞
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.