atakulyyewa_humay
10.05.2023 00:03
Bir gije hemmäniň göwni çag wagty,
Kaka sen nämäniň gamyny iýdiň?
Oýun gatyşykly, çyn gatyşykly,
“Gyzlarmy sataryn-da” baýaryn diýdiň.


Kesdiň soňam ýeke-ýeke nyrhlaryn,
“Sen-ä gyzym diňe atla bererin.
Seňem bahaň kyrk horjunlyk dür bolar”,
Ölçeýärdiň her çagaň nä degerin.


Aň ýeterden juda ýaşdym o günler,
Çaý içsem bes, öz paýyma düşenden,
Ilkinji gelnalyjy ugranda bizden,
Kaka, saňa çynym bilen düşündim.


Atlaram ýok, dürlerem ýok şonda-da,
Seň dürüňi apardylar öýüňden.
Gelen galyň dolap gyzyň daşyny,
Saňa diňe bergi galdy toýuňdan.




Ogulnur ATAÝEWA
24
147
melek06
10 May 2023
👍🏻.....
jemal_seyitniyazowa
10 May 2023
♡♡♡♡♡♡♡♡
menesa___
10 May 2023
:(.......
zolushka
10 May 2023
Hakykatdanam geçen galyňy gyzyň özi alyp gitýä
gulshatayewa97
10 May 2023
Waheý hakyky şola... özüňede zordan ýetýä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.