Tomus aýy. Uzyn-uzyn nobatlar.
Frontdan gowuşýan üç burç hatlar.
Dulumyzda guzy — kakama söwüş,
«Ger!» diýip, saklanýan kyrk nomur köwüş.
Soňra dumanly güýz.
Başlandy ýagyn.
Şo-ol çörek nobaty, Kyrk bäşinji ýyl.
Hor-homsy oglanlar.
Çörekli dükan.
Doly eşelonlar.
Fronta bakan.
Ýoldaşlarym bilen oýnap-ygmadym.
Bagyşla, çagalyk, elim degmedi.
Kepderi kowalap, oýnama derek,
Düýşümiz, huşumyz el ýaly çörek.
Ejem mahal-mahal atardy ýomak:
«Garnyňy doýursaň fronta kömek.»
Biz köçä, bazara siňip gidýärdik,
Hem günde fronta kömek edýärdik.
Şeýdip, şo ýyllarda kyn bolsa-da, kyn,
Biz diri galypdyk atalar üçin.
Bize lälik diýip, bakmaňlar gyýa,
Çünki bolmasada, tyg yzy tende,
Biz uruş ýylynyň oglanjyklary,
Biz öz urşumyzy ýeňipdik şonda.
Gurbannazar Ezizow