gullnara_
09.05.2023 07:15

Çagany poçta üsti bilen ibermek.
Ene-atanyň adaty posylka ýaly ogluny ýa-da gyzyny poçta bilen arkaýyn iberip biljekdigini göz öňüne getirmek kyn. Şeýle-de bolsa, 20-nji asyryň başynda ABŞ-da edil şeýle boldy. 1913-nji ýylda ABŞ-da poçta kanuny kabul edildi. Ýöne bu kanuny käbir mekir raýatlaryň öz peýdasyna peýdalanjakdyklary barada pikir edilmedi.
Agramy 50 kilograma (22,68 kg) bolan janly ýükleriň poçta arkaly iberilip bilinjekdigi aýdylýar. Deňeşdirmek üçin: adaty bäş ýaşly oglanjygyň agramy 20-22 kg, bir gyzyň agramy 19-21 kg.
Çaga ibermek üçin bir dollardanam az bolany üçin, otly bilen ibermekden arzandy. Mysal üçin, 1913-nji ýylda Lui Bauge hanym agtygyny poçta bilen aldy, ene-atasy bary-ýogy 15 sent töledi. Pensilwaniýa ştatyndan hanym we jenap Sawis gyzyna 45 sent töledi.
Şuňa meňzeş "çaga paketleri" 1920-nji ýyla çenli ABŞ-da iberildi we kabul edildi. Görýän suratyňyzda USPS gadagançylygynyň teksti görkezýär.
30
333
lalahan
9 May 2023
👍👍👍👍👍👍👍
lalahan
9 May 2023
👍👍👍👍👍👍👍
okyjy dz
9 May 2023
guldesse,hawala gyzykly zatlar näçe okasaňam gyzygyny ýitirmeýär,we bize meňzeş täze gorenler okar,👍👍👍
moonlight
9 May 2023
Öñem okapdym👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.