Degishmeler (gulmek ömürdendir)
Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş:
-Wah, içigaragalmyş! Ýene-de bu gije daşarda ýatmaly boljagow.
*************************************
Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden bir bölek ýüz görülýän aýna tapýarlar.
Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna seredýär:
-Bä-ä… Özä bir tanyş ýüz.
Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar:
-Hany menem bir göreýin… Haý samsyk diýse. Bu men-ä how!
***********************************
Ogly öz söýýän gyzyny ejesi bilen tanyşdyrmaga getirýär:
-Eje, bu gyz gowy maşgaladan. Ol çöregem bişirip bilýär, sygyram sagyp bilýär, her dürli naharlardanam başy çykýar, öýi arassa saklamagam başarýar...
-Orän oňat, oglym! Beýle bolsa aýyna 800 müň manat töleýän, razy bolsa ertir işe başlabersin.
*********************************
Äri öýüne gelse, öz dosty bilen aýalyny bir düşekde görýär. Ol derrew dostuny atyp öldürýär. Äriniň bu eden işine äýaly käýinýär:
-Sen aklyňdan azaşdyňmy? Göreniňi atyp ýörseň, dostsyz galarsyň-da!
************************************
REKLAMA
Bu aýakgabyň bir taýyny satyn alan adama, beýleki taýy mugt beriljekdir!
************************************
Bir aýagy gysga, gözleri çaşy, saçlary düşen, eşikleri sal-sal bir ýaş ýigit “Gelinlik tapyp berýän edara“ gelýär we sakawlap:
-M-m-ma-maňa owa-wadan, wepaly we baý ge-ge-gelinlik gerek! –diýýär.
-Size diňe aklyndan doly azaşan biri äre baraýmasa...
-Zyýany ýok! A-a-aklyndan aza-a-şanam bolsa bolýa. M-men razy...
*************************************
Bedenterbiye sapagynda, mugallym okuwcylara:
-Aranyzda cilim cekyan barmy. Bar bolsa aydyn, hiczat etjek dal. Wot, wot, moladec... Bary-yogy 2 kişimi... Hmm, borda. Siz ikiniz men bn gelin, cilim cekelin, galanynyz bolsa, stadionyn daşynda 5 krug ylgan...
************************************
3 sany siñek dost bolupdyr. Bir gün bular hersi öz gününi özi görmeşek edipdir we bir aýdan duşuşarys diyip wadalaşypdyrlar.
3 dostuñ hersi bir yana uçupdyr. 1 aýdan 3-si bellenen ýere gelipdir. Biri semrapdir, biri horlanypdyr... Durkuny üýtgetmedik siñek "name beýle üýtgäpsiniz, kim nirde ýaşady?" diyipdir. Semran siñek "mena baý maşgalada boldum, men gonan naharymy şo durşuny zyñýarlar, menem hezil edip iýýadim-diyipdir. Horlanan siñek zordan gürläpdir: menä obşaga düşdim. Nahar zyñmak nire, talyplar nahardan cykaryp meni sorup zyñýarlara
**********************************
Taze gelen mugallym okuwçylara -Okuwçylar! Öžüni akmak yaly göryan yerinden tursyn diyya. Okuwçylardan ses çykanok. Arkada otyranlan biri yerinden turyar.
Mugallym: Sen özüňi akmak göryanmi?
Okuwçy:Yok mugallym siz yeke öziniz durman diydim.
************************************
Bäşinji synpda edebiýat sapagynda mugallym sorag berýär:
-Çagalar,hany aýdyň Puşkini kim öldürdi?
Synpa ümsümlik aralaşýar,çagalaryň ýüzi duw-ak bolýar,bir gyzjagaz bolsa hykylap başlaýar.
-Hany aýdyň, kim öldürdi Puşkini?
Amanjyk ýerinden tarsa turýar:
-Menä öldüremok, menä öldüremok.
Bu ýagdaýa haýran galan ýaş mugallyma müdiriň ýanyna ylgaýar. Bolan wakany gürrüň berip, okuwçylaryň sowatsyzlygyndan nalaýar. Müdir oňa äýneginiň üstaşyry seredýär-de şeýle diýýär:
-Ýoldaş mugallym, siz beýle soraglaty degişli organlara berseňiz bolmaýarmy? Çagalar ony nirden bilsin!
************************************
Önem bir gurluşykda işleýan gurluşykçylar anekdot aýdyşýarmyşynlar. Anekdotlary halys ýat tutansoňlar diňe sanyny aýtýamyşynlar
-15-nji...
-155-njini aýtsana...
-ha ha ha
-31-nji aýtsana...
-ha ha ha
Täze işe gelenem agzyna gelen sany aýdyp giýberýä diýýä
-203-nji...
Şarp edip ýeňsesine şarpyk degýä.Görse bir aýal:
-Utanaňokmy aýal-gyzlaryň arasynda beýle hapa anekdoty aýtmaga- diýýämişin
**************************************
Gyz halky şeylerak:
1. Ýatjak diyende ýatyber sagbol diyseň... Meni yatyryp näme etjek bolyaň sen diýerler.
2. Ýok ýatma diysen...Sen dözmezçiligem edip ýatam diyeňok diýerler.
**************************************
-Aloo. Bagyşlañ ýalñyş nomera aýladym öýitýän.
-Samsyk seredip aýlada.
-Samsyk señ öziñ üssesinede wäñiksiñ. --Näme sen kim bn gürleşýäniñi bilýäñmi.
-Ýook
-Men polisiýia bölim müdiri.
-Sen kim bn gürleşýäniñi bilýäñmi
-Ýook
-Allaha Şükür.
********************************
Türkmen aga bir gün dahodyny alyp Kryma, Gara deňize dynç almaga gidýär. Ýeke özi. Näme, biz çol adamsy bolamyzsoň kän ýüzüp bilemizok-da.
Ine onsaň Türkmen aga birden gara deňze gark bolmaga başlaýar. Bu-da kömege çagyrýar. Türkmençäni hiç kim bilenok, orsçany bolsa Türkmen aga az bilýä. Bileninden bazar eýläp gygyrmaga durýar: -Ludi! Woda piýu! Buňa ors garyndaşlar: -Peý, peý na zdorowýe ýaşuli - diýýämişler. Ýaşulymyz aljyramaga başlaýar: -Ludi ýa mnogo piýu! Kenardakylar bolsa: -Wody mnogo, peý skolko hoçeş - diýýäler. Ýaşuly kellesini suwdan zordan çykaryp şeýle diýýär: -Towarişşi, ýa POSLEDNIÝ RAZ piýu-u-u-u- u!!!!! diyipdir..
*****
MÖHÜM MAGLUMAT!
Gadyrly dostlar, SNICKERS, MARS, BOUNTI, TWIX, ýaly şokoladlary ,
şeýle hem Kit-Kat, M & Ms, Milkyway, Balisto, Kinder we NUTELLA şokolad pastasyny mensiz iýmäň! 😁😁😁
*****
— Eje tv göräýeýin?
+ Bolýa. Ýöne toga sokma!
****
— Janym, saňa ýekeje sorag. Ine siz gyzlar, howwa gyzlar, senem gyz, onsaň gaharlanaňyzda size degmeseň gowymy, ýa köşeşdirjek bolup daşyňyzdan aýlansam gowymy?
+ Howwa.
*****
Baýlar wiskini bokala guýup, içine buz kubik atan bolup içýäler. Menem kolaň içine gara şokolad atyp içýän.
*****
Mekdepde mugallym:
— Annaýew, iňlis dilinde durmuşda ulanylýan gurallary aýdyp ber.
+ Playsteýşin, Xbox360, Sony, Iphon...
******
Jbgeýnriganow mekdepde az doska çykýardy. Sebäbi mugallym aljyrap üsdünden güldirýär.
*****
Köpler üçin prawa bu gaty kagyz bolup biler, emma GAI üçin bu rysgal-rugsatnamasy.
*****
Waýennikomatda bir oglan peşew-analiziň ýerine sok tabşyrypdyr. Netije: raýat Gurbanow Meret gulluga ýarawsyz, sebäbi ol apelsin.
*****
Iki gyz gürrüň edýär:
— Wertolýodyň ýokarsyndaky pyrlampaç nämçün gerek bilýäňmi?
+ Howwa bilýän, lýotçik derlände ýelpemek üçin.
— Nä kelläň işlänokmy? Beýledälhow.
+ Bir gezek men wertolýoda münüp uçup barýarkak şol pyrlanýan zady öçdi weli, lýotçik gara-der bolup çaşaýjak boldy. Soň nämede bolsa ol işledi.
******
Gyz bilen ýurist-oglan swidaniýa edýäler. Şonda Gyz:
— Ejem maňa birinji swidaniýada öpüşmeli däl diýip aýtdy. — diýeninde oglan sessiz turup, gidip kofe getirip, gyza seredip:
— Ooo janam, inede biziň ikinji swidaniýamyz!!!
******
Çagajyk kakasyna:
— Kaka, sen hemişe "Maşgala bu kijijek watandyr" diýýäň. Onda sen kim bu watanda!?
+ Elbetde men prezident!
— Ejem kim bolýar onda?
+ Ýurdumuz.
— Enem kim?
+ Aýýý eneň polisiýa.
— A men?
+ A sen halkymyz. — diýip jogapladyr we işe gidipdir. Yzynda ogly kakasyna jaň edýär "Alo Alo jenap-prezident. Ýurda täze prezident geldi. Polisiýa uklap ýatyr. Halk bolsa aladalanýar!!!"
*******
— Oglum, sen nämçün erbet bahalaryňy düzedeňok?
+ Wah kaka, men hergün düzetjek bolýanweli, mugallym žurnalyň ýanyndan 1 minudam aýrylanokda.
******
Mekdepde mugallym gyzjagaza:
— Doska çykda "Söýgi" sözüni geljekki düşümde ýaz. — diýipdir. Gyzjagaz doska çykyp:
— Durmuşa çykmak.
*****