gullnara_
08.05.2023 10:52
ÝERÇEKEN
Näçe gezek diýdim:
«Aýryl, ýerçeken!»
Saňa näçe sapar «Ýit, ýok bol!» diýdim.
Aýrylmadyň.
Gitmediň.
Bürmek bolup ýapyşdyň.
«Yzymdan gal!» diýip näçe ýalbardym.
«Agam meni paltalar» diýp agladym.
Kölegäme döndüň.
Sakyrtga bolduň.
Diýdim:
«Diliňi çek, maňa lak atma!»
Diýdim:
«Eliňi çek, masgara etme!»
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Senden sowlup geçere ýol tapmadym.
Özelendim.
Näçe gaýra «ýok» diýdim.
Sülük bolup ýelmeşdiň...

Ahyr bir gün daş bagladym ýüregme.
Gözüm ýumdum.
Başym saldym etegme.
Agamyň paltasyn taşladym guýa.
Saňa-da «Bolýa» diýdim...

Senem gitdiň jähennemiň bazarna.
Taşlap gitdiň,
Gaçyp gitdiň — parhy nä?!
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Özüň-ä däl,
Aýak yzyň görnenok.
Diňe umyt maňa teselli berýär:
Belki, seni ýer çekendir, ýerçeken!..
✏Şiraly NURMYRAT
25
202
jeniii
4 Iýul 2023
dusnuksiz eken😕
HajymuratGoshayev
11 May 2023
Ömrûñ bolaysyn
HajymuratGoshayev
11 May 2023
Ömrûñ bolaysyn
okayjy
8 May 2023
😳 Muuny ýazanam oglan şahyrmy 🤦‍♂️
camel.
8 May 2023
Nadip yazyp bilyalerka shunyaly gowy dal zatlary
Myhman
8 May 2023
Gaty gowy gosgy eken haladym👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.