atakulyyewa_humay
08.05.2023 00:59
Günorta — Gündogar Aziýada ýerleşýän Singapur şäher — döwleti dünýäniň iň kiçi meýdanly ýurtlarynyň biridir. Onuň tutýan meýdany bary ýogy 734   inedördül kilometre deňdir. Ýöne muňa garamazdan, Singapur şäheri dünýäniň iň iri syýahatçylyk merkezleriniň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Her ýylda Singapura syýahatçylaryň 17  milliondan gowragy gelýär.Singapuryň ady malaý dilindäki «singa»
— ýolbars we sanskrit dilindäki «pur» — şäher diýen sözlerden gelip çykýar. Günorta —Gündogar Aziýanyň iň uly halkara Çangi howa menzili hem Singapurda ýerleşýär. 2012-nji ýylda bu howa menzil «Airpots Council International»-yň dünýädäki iň gowy howa menziller sanawynda ikinji orna mynasyp boldy. Şäheriň nyşany ýolbars kelleli balyk bolup, Singapurda her ýylyň sentýabr aýynda oňa bagyşlanan ägirt uly baýramçylyk bellenilýär. Baýramçylykda şäheriň ähli künjegi dürli reňkli ajaýyp çyrajyklar bilen bezelýär.
31
217
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.