Paradise
07.05.2023 19:43
Kalbyň dar ekeni söýgi sygardan,
Şoň üçin sen ony diliňe çolap,
Paýlap ýörsüň gözel görkli gyzlara,
Owadan söz bilen daşyny dolap.

Seniň söýgiň juda-juda pes eken,
Ýere sepelenip, garyldy çaňa.
Çynym, senli umytlarym kör eken,
Kalbyňda çyn söýgi ýok eken maňa.

Sen diňe ýylgyrdyň ýüzüme bakyp,
Şygyrlarmyň manysyna düşünmän.
Seniň arzuwlarňa ýetip bilmedim,
Ýa kyndymy bu zatlara düşünmäň?

Ömrüň ýalan bilen aýlanýar dynman,
Hakykat seň üçin bar zatdan agyr.
Ýaraly kalbymyň üstünden gülüp,
Näme üçin sen maňa çekdirýäň jebir?

Sen hamala bagtly ýaly görünýäň,
Emma kalbyň hile bilen al eken.
Ýok, puşman etmerin söýenim üçin,
Seniň kalbyň yşk sygardan dar eken.
28
104
violinist
7 May 2023
Herhal geçmişimde ýokdur ahmyrym, Çünki meň geçmişim seniň söýgüňdir...
Myhman
7 May 2023
Emma kalbyñ hile bn al eken👍 gaty gowy gordum goşgyny
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.