https://owrenmeli.app/40956-otduh-meseleleri.html#comment
Melikee
07.05.2023 09:29
{1}
Garakçylaryň baştutany ýesir düşen adama "Men saňa 3 sany ,,B,, harpdan başlaýan miwe berjek,iýip bilseň erkinsiň!" diýýär.Ol ýesir başdaky iki miwäni iýýär.Emma üçinjini göreninden "Men muny asla iýip bilmen!" diýýär.Ol miweler haýsylar?
{2}
Atasy ogluna bir kitap berip "Şuny okasaň 100 manat gazanarsyň! diýipdir.Emma ogly hiç okamadan gelip atasyna okany üçin 100 manat sorapdyr.Atasy bolsa "Sen ýalan sözleýäň!" diýipdir.Ol ony nädip bilipdir?
{3}
7-4-5-2 sifrleri we arifmetik amallary ýeke gezek ulanmak bilen 35 ýasamaly.
(Sifrleriň ýerini çalyşmak bolýar)
{4}
3 sany oglan billiard oýnaýar.Üçüside billiarda juda ökde ekenler.Şonda oglanlaryň biri billiard şarlarynyň ýüzüne
1-3-5-7-9-13-15 sanlary ýazýar we tertipläp goýýar.Ýanyndaky oglanlara aýtýar "Eger-de şu şarlaryň islendik üçünji deşige salyp,şol salan şarlaryňyzyň jemi 30 çyksa size 300 dollar berjek!" diýýär.Netijede şarlary diýşi ýaly edip salyp,üçinji oglan 300 dollary alýar.Şol üçinji oglan haýsy şarlary salyp 30 çykardy?
#Bellik: Dogry jogaplary goýulmaz!
17
593