violinist
07.05.2023 09:20
Noýabr gelende gözlem ýiteler,
Eýe borun bir üýtgeşik güýje men.
Ykbalyma sataşmady senden soň,
Hiç bir ynsan seniň ýaly süýjelen.

Ölmek üçin bahana kän dünýäde,
Ýaşamak üçinem dürli usul bar.
Derdime düşünen aglar içinden,
Derdim duýup bilmez her bir musulman.

Ähli zat balykdeý sypdy elimden,
Tüketdim iň soňky sabryma çenli,
Eje, az bolsada saňa ýazanlam,
Sen içimde borsuň gabryma çenli.
14
119
Show
7 May 2023
Salam gowymysynyz violinist. 👍👍
Melikee
7 May 2023
"Gel diýse" zar berjek uzak menzilleň,
Dogumlylyk bilen kalbyny diliň!
Hiçzat bahasyna ýetmez şol günleň,
Ejeli ýyllaryň gadryny biliň! ...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.