Carygulyuew Dowran...
21.03.2020 10:34
Haýa nikaply heýkel hekaýa
..Dowamy...

Adamlar eginlerin-de bir zat göterip gaty- gaty ýöräp geçip gitdiler. Aýtuwak eje entegem aglap durdy. Goňşy gyzymyz Dursunjemal ylgap geldi-de, Aýtuwak ejäniň goltugyna girip öýe saldi. Dursunjemal owadan gözlerinden dört örüm saçynyň ugry bilen akýan gözýaşlaryny sylyp ýetişip bilenokdy. Şonda-da :

-Aýtuwak eje, sesiňi goýaý-da, Sen aglasaň biri ýüregimi eline alyp kesim-kesim edip oturan ýaly bolýan. Indi azajyk köşeşäý-dä-diýp ýalbarýardy.

Aýtuwak eje öýe gelensoňam köşeşip bilmän kän aglady. Agysynyň arasynda:

— Bah, jan balam doganmyň derdi köşeşerden çökderdir. Meniň bagtyma turman geçen haram uruş Sähetdenem aýyrdy-da -diýýärdi. Men öýüň bir burçunda çugtduryp oturşuma gözümden düwme-düwme döküp sessiz aglap otyrdym. Birhaýukdan soň Dursunjemal:

–Bar jigim, sen öýňüze gaýdyber Aýtuwak ejä özüm serederin –diýdi. Men özümi bilelim bäri şunuň ýaly hala düşüp görmändim. Hiç zat bilen hezilim bolmady. Şol gije gyzdyryp, samrap çykypdyryn. Meniň çaga dünýäm Aýtuwak ejäniň keç ykbalyna düşünerden gögeledi. Ýöne şonda-da hazan uran ykbalyň hasrady çaga kalbymy lerzana salan bolarly…

Ol gussaly günden soň ýyllar geçdi. Aga-gara düşünip ugradym. Aýtuwak eje geçip barýan gölegçiniň deňesinde durup gyzyllaryň gelen ýyllarynda serhetden geçip barýarka ok degen soňam nire-de jaýlanany hem belli bolmadyk ýalňyz doganynyň agysyny aglaýan eken. Obadaşlarymyz Aýtuwak ejäniň derdini gozgamajak bolup oňa ölüm-ýitimi kän bir aýdyp ýörmezdiler. Goňşy gyzlar bolup Aýtuwak ejäniň ýanyna her agşam işimizi alyp gelerdik. Biz hem-ä iş ederdikr hemem garrynyň gyzykly gürrüňlerini diňlärdik. Şeýle günleriň birin-de, şol gussaly güni ýatlap Aýtuwak ejeden çekine-çekine dogany barada soradym. Garry çyragsyz gözlerine inen nemi ýygyrt atan hem bolsa, henizem gözelligini ýitirmedik sülük barmaklary bilen süpürdi-de, ömrüniň iň gymmatly baýlygy bolan dogany hakdaky ýatlamalaryny çözläp başlady…

-Biz bir atadan iki dogandyk. Iner doganym Gylyç ulusy menem kiçisi. Ejem Maýagözel ýaş üstünden gaýdyş bolanynda doganym dokuz ýaşynda men bolsa alty ýaşymdadym. Kakam Gadam pahyram aslynda-da ýetim oglan. Ýetimiňem ýeri çopançylykdyr-da. Iner doganym tüňçe götermäge ýarandan kakamyň ýanyna gidipdi. Menem şu goňşy Ýakupmyradyň kakasy Meret aga bilen ejesi Jumanýaz gelnejemi yklap ýaşap ýördüm. Men on bäş ýaşymdakam kakamy ýaz aýlary ýylan çakyp öldürdi. Şeýdibem ýeriň ýüzün-de ýalňyz agamdan başga süňk hossarym galmady. Garyş boýdan dagda-düzde gezen doganym Gylyç jan, dagyň arslany, dereleriň algyr Laçyny bolup ýetişdi. Ol, her hepde-de meniň ýanyma gelerdi. Her geleninde-de goş haltasyny dolduryp aw etini getirerdi. Jumanyýaz gelnejem öz iýjegimizi bir gyra aýryp goýardy-da, galanyny goňşulara paýladardy. Men agamyň awlap getiren towşanlarynyň aşyjagyny çöpläp gyşyjak aşyjygyň garynjygyny deşip sapaga düzerdim. Meniň bir düzüm bolup barýan towşan aşygymy gören Jumanýaz gelnejem «Gyzym towşan aşygy düzümläp dakylýan däldir. Çagalara onuň ýekejesini towşanyň owlak bakary bilen temençejige ildirip «göz degmesin» diýip, tahýajygyndan dakylaýýandyr» diýdi. Menem «Jumanýaz gelneje, agam Gylyjyň, ogullaryň Ýakupmyradyň, Soltanmyradyň, Muhammetmyradyň, Maksatmyradyň hem ogullary, gyzlary bolanyn-da «dakaryn» diýip ýygnap ýörşüm» diýdim. Şon-da Jumanýaz gelnejem «Wah, haçar göwnüň maksady myrat tapsynda keýgim» diýdi.

Agam köp geplemezdi. Ol her gezek gelenin-de diňe «Jigim gurgunmusyň» diýip bir ýylgyrardy. Şol söz meniň üçin dünýe malydy. Agamjanyň şol bir jübit sözüni eşitmek üçin tutuş bir hepdeläp garaşardym. Geýimlerini ýuwup-ýuwup ykyrdadypjyk, sypap-sypap epläp goýardym.

Onuň bürgüdiňki ýaly ýiti gözlerine, iner çökeräýmeli eginlerine, derek boýuna obamyzyň gyzlarynyň gözi giderdi. Men şeýle agamyň barlygyna Hudaýa şükür ederdim. Hürjemal atly uzyn saçly aý ýaly gyz bir gün suwa baranym-da, ýeňimden çekip «Şuny awçy agaň gelen-de hiç kime duýdurman ber. Bu onuň aw etiniň deregine. Onsoňam aýt şoňa, boz keýikler diňe dag-da bolýan däldir. Ol käte oba-da awa çykaýsyn» diýip, köp manyly ýylgyrdy-da zerden çekilen ýaly ak gaýma tahýany elime tutdurdi. Men tahýany Hürjemalyň berenini agama zordan aýtdym. Galan sözleri welin aýtmaga uýaldym. Ýöne ol döwür-de ýetişen gyzyň ýigi-de tahýa geýdirmegi sözsüz hem gyzyň ýigit-de göwnüniň bardygyny aňladýardy. Hürjemal agama akgaýma tahýa bereninden soň, arzuwlaryň ummanyny gulaçlap-gulaçlap ýüzýärdim. Şo ýaşyma çenli Jumanýaz gelnejemiň maňa sesini gataldan ýeri ýokdy. Ýöne meniň, agam, gelnejem bilen bileje ýaşasym gelýärdi. Öýden gyzyl kürteli gelin girip-çyksa öý dolan ýaly bolýar ahbetin. Onsoňam towşan aşyjagyny dakynyp jompuldap ýören jigilerimiň didaryny şeýlebir göresim gelýärdi welin ýüregim atygsap kükregimi ýaryp barýardy.
Meniň bagytly günlerim uzaga çekmedi. Gyzyl baýdakly bolşewik gelip ýurda gan çaýkan döwri Gylyç agamyň «men» diýen wagtydy. Ol bir gezek öýe gije geldi. Onuň gözleri gan guýlan ýaly gyzyldy,ýüzi salykdy, eginleri sallanan ýalydy. Arkasyn-da hemişekisi ýaly aw haltasy ýokdy. Adaty saglyk-amanlykdan soň Gylyç, «Jumanýaz gelneje, aýyplaşmaň, men Aýtuwak jigim bilen ikiçäk gürleşeýin-le» diýdi. Jumanyýaz gelnejem «Wah, gürleş boýuňa döneýin, gürleş» diýip, öýden çykyp gütdi. Gylyç öz agam hem bolsa, ikiçäk galanymdan meni der basdy. Meniň ulugyz çykyp erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz bolup ilkinji gezek gürleşjek bolşumdy. Ýüzümi ýerden galdyryp bilmän keçäniň ýüzini dyrmap otyryn. Gylyç maňa:



–Jigim! Meni şu dünýä dahylly edýän eke-täk seniň barlygyňdyr. Başym dik bolsa, hiç kime seni ynjytmaga ýol bermerin. Ýöne dünýeler bulaşýar. Ýurt elden gitdi. Sen bilýäň-ä jigim, men kapyra gul bolanymdan bürgüt ölümini ibaly görýän. Men dagdan aňyry aşjak. Ýöne sen bu ýer-de gal. Men seni ýat ýurda äkitmäge dözemak jigim. Ýurduň zaryny çekmek ýamandyr. Jumanyýaz gelnejem bilen Myrat agam näme diýse şonuň bilen boluber. Bularyň saňa ýamanlygy ýokdur. Men gelip bilsem arasynda ogryn-dogryn aýlanaryn. Hoş gal jigim — diýip başymy sypap çykyp gitdi. Agam sözläp başlanyndan aglap oturşymdy. Jumanyýaz gelnejem işikden gireninden içim-içime sygman agladym. Oňa ýuwaşlyjak bilen agamyň matlabyny aýan etdim. Ol gyňajynyň ujy bilen gözýaşyny syldy-da :

-Agaň bir niýete münen bolsa, ony ýolundan saklap bilen bolmaz guzym-diýdi.

Ol wgytlar dagdan aňyryk geçmegiň manysyna gatybir düşünip baramakdym. Ýurduň ýagdaýyna-da akylym ýetenokdy. Agam şol hoşlaşyp gideninden soň hem aram-aram gelip durardy. Her gezek geleninde-de aw etini getirerdi. Jumanýaz gelnejem indi özümizden artan eti goňşulara gündiz paýlap bilmezdi. Ol iňrik garalandan soň «Bar, guzym, Hallygözel gelnejeňe «saçagyňy alyp gel, ejem çörek berjek diýýä» diýip aýdyp gel» diýip gyzyny ugradardy. Hallygözel gelnejä artyk eti bererdi-de «Goňşulara özüň paýlaý. Çagalara-da aw etidigini duýdurma» diýip tabşyrardy.

Agam öňler gelenin-de gijäniň ýaryndan soň gelerdi. Emma bu gezek gözedürtme garaňkylykda «Salawmaleýkim» diýip işikden giräýdi. Gylyç bilen Meret aga içki otoga girip köp gürleşdiler. Agam wagt peýläp «Jigim Hürjemala «agam oba awa gelipdir, özünem gyssanmaç, öňki ýere geläýsin» diýip aýdyp gel» diýdi. Agamyň bu sözlerinden utanjyma ýüzüm gyzyp gitdi. Hürjemal bilen agamyň öňem gürleşýänlerini aňdym. Elime tikip oturan tahýamyň ak sapagyny alyp «sapak sorajak» bahanasy bilen agamyň ýumuşuny bitirmäge ugradym. Barsam Hürjemalyň garryja enesi işikdäki sekiniň üstünde çaý içip otyr. Ol «Geleweri gyzym, Hürjemalyň ýeke özi ýekesiräp otyrdy. Öýdäkileriň bary toýa gitdi» diýip meni garşylady. Meniň ýüregim gozganyp gitdi. «Sapak soramaga» gelen kişi bolmagam gerek bolmady. Habarymy aýdyp derrew dolandym. Gapydan girenimden Gylyç ýüzüme seretdi. Men çalaja baş atdym. Ol eglenmän çykyp gitdi…

Dowamy bar
7
752
Myhman Myhman
21 Mart 2020
Hawa dûşûnje dogry Dówran (M)
Carygulyuew Dowran...
21 Mart 2020
Dogry dusindim yok beyle hekaya gabat gelemok yone yalnysmasam anyk bilemok il icinde isdilyan geplere gora burgut gaty namysjan mert gus hasaplanylyar ol gus garrap baslasa yada sowesde yenilse awuny alyp bilmese namys edip ozini helakleya diyen dusinje bar ozem ol ozini hic kimin gorip bilmejek gizlim yerinde kert gayalarda yada suna menles gizlin yerlerde maslygynyn tapylmajak yerinde olya diyip esitdim yagny dusmanyna oz maslygyny gorkezenok

Burgut olimi diyen sozin asagynda gaty uly many yatyr ol yazyjynyn ussatlygyndan habar berya iki sozde kan many anladypdyr oz ilimde goly bagly bakna bolup gezenimden yat yerde olip gidenim gowy diyen manyda men dusinisime gora
Myhman Myhman
21 Mart 2020
"Bürgûdiñ ahmyry "bolmaly ýalñyşdym men radiýodan ýazgy edipdim telefona ýône pozulypdyr awtory hem ýadyma düşenok ýône gaty gyzyklydyM

Siziñ hek Gylyç agzap geçýä šondan 6adyma dûşdi aslynda bürgûdi awlasañ namysdan õlýärmiş şol hekaýada şol hakdady
BBaharjyk❣
21 Mart 2020
Mena yene okamadym dayy yone likee. ??
Carygulyuew Dowran...
21 Mart 2020
Howa sag bolun biz siz yaly yazyjylan gowy eserlerini halka yetirip dusindiris gecirip edebiyata hyzmat edaymesek oz elimizden gelenok

Yok medine burgut olimi diyen hekayany okap goremok dogrusy yadyma dusenok yone ady tanys yazary awtory kim bolmaly ol eserin
Carygulyuew Dowran...
21 Mart 2020
Salam merjen gowymy hokman goyaryn sen permany okayanmy ya goydynmy yadap
Carygulyuew Dowran...
21 Mart 2020
Bolya halan bolsanyz men ceken zahmetimin hemde yazyjynyn azabynyn yerine dusdigi ozim halamokdym eseri bolip goyyalar diyip sebabi yuregim yarylyp barya yzyny okasym gelip yone mumkincilik yok su gun agsam 12 bolsa nesip bolsa iki postyma sygdyryp goyaryn galanyny

Aglan bolsanyz diymek yazyjynyn ukybynyn bardygy okyjyn yuregine tasir edip bilyanligi mendede uly tasir galdyrdy gowy yazylypdyr
Myhman Myhman
21 Mart 2020
Berekella Dòwran siz hemmeleri gyzykdyrdyñyz M

hem bürgüt õlümi hekaýany bilýäñizmi?
Bts
21 Mart 2020
Dogrymy aytsam 10 njy abzasy okamda agladym ???

Dowran yzynam shu gun goyayyn hayysh edyan

Wii eyyam 2 post goyupsynyza
Carygulyuew Dowran...
21 Mart 2020
Men hemmesini birden goyjakdym myhman yone bolanok belli bir mocberden gecenson bolanok

Indikide galanynyn baryny goyjak synanyp goreyin yerlesmese ika bolmeli bolar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.