olia
07.05.2023 00:08
Hytaý täçleri ýa-da imperator oňa seretmek üçin däl.

Dürli ýerlerde we döwürlerde ýurt baştutanlarynyň geýen täçleriniň arasynda hytaý imperatorlaryna (soňra olarda görlüp döredilen ýapon we koreý imperatorlaryna) degişli bolan nusgalar iň geň galdyryjysy bolsa gerek.

Bu üýtgeşik täç mianguan diýlip atlandyrylypdyr. Silindri göz öňüne getiriň. Onuň depesine bolsa gyralaryndan monjuklar sallanyp duran gönüburçly tagta dakylýar. Emma bu ýerde-de, hytaýlylarda hemişeki bolşy ýaly, çuňňur many bar. Silindr asmany, gönüburçly tagta ýeri aňladýar. Näme üçin? Muny hytaýlylardan soraň, emma hytaýly şahyr Sun Ýunyň sözlerine görä "Ýer- bu araba, asman bolsa onuň örtügidir".

Monjuklaryň amaly we simwoliki manylary bar. Amaly manysy - beýik adamyň ýüzüni az-kem ýapmak, sebäbi imperatoryň gullaryna oňa seretmek gadagandy. Mundan başga-da, onuň öňünde çykyş edýän emeldarlar öz sözüni imperatoryň reaksiýasyna görä sazlap aýdyp bilmezlikleri üçin hem wajypdy. Simwoliki manysyna görä, monjuklar arassalygy we erbetliklerden goraglylygy aňladypdyr.

Imperatora we diňe imperatora öňünden we yzyndan 12 hatar monjuklar edinmek rugsat berlipdir. 9 sanysy imperatory, galan 3-si asmany, ýeri we adamy aňladypdyr.

Monjuklar hemişe 5 sany reňkde bolupdyr: gyzyl, ak, ýaşyl, sary, gara we elmydama şeýle yzygiderlilikde düzülipdir. Her reňkiň nähili many aňladýandygy barada köp sany düşündirişler bar, ýöne iň ynandyryjysy we iň aňsadyna görä, 5-lik san bolçulygyň nyşany we Hytaýda reňkli nefrityň 5 görnüşi bar. Çig maly uzakdan gözlemegem gerek däl.
Mianguan
Şazadanyň täji

Dogrusy, beýleki ýokary wezipeli adamlar hem şeýle başgaplary geýipdirler, ýöne monjuk hatarlarynyň sany üýtgäpdir. Tagtyň mirasdüşerine 9 sany hatarly başgap rugsat berlipdir, beýlekiler bolsa ondanam az bolupdyr.


Bu ýaş ýigit bolsa Sin imperiýasynyň Mançžuriýa dinastiýasynyň imperatorlyk köýnekçesinde. Wagtyň geçmegi bilen, imperatoryň baş nyşany täç däl-de, altyn reňkli we aždarhaly köýnekçe bolupdyr.


Mianguan - Minler dinastiýasynyň imperatorynyň mawzoleýindäki täji
25
322
Show
7 May 2023
Sag bolun onda sag Aman yatyp turun.
Show
7 May 2023
Gowy menem siz gowy bolsanyz
olia
7 May 2023
Show,salam. Gowy, ozuniz gowmysynyz?
Show
7 May 2023
Salam gowymysynyz olia
Dovlet Ashyrov
7 May 2023
👍👍👍.....
Myhman
7 May 2023
Salam siz Algilyan Krallary barada yazysyanyzmy
Myhman
7 May 2023
Salam siz Algilyan Krallary barada yazysyanyzmy
olia
7 May 2023
gul_,bizinki bolanda haysy🤔 musulman yurtlar beyle tac edip geymeyarlera selle geyipdirler yada meselem Osmanlylar ak tyurban geyipdir
Myrataly
7 May 2023
olia,Nahili dolandyrjagyna bagly
olia
7 May 2023
gul_, privet gowy, ozn gowmyn? Ay hovva birhili gyzyklandyrdy😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.