Adaty beden öýjüklerinde birnäçe möhüm aýratynlyklar bar:
Belli bir çäkde ýerleşmek bilen olaryň hersiniň aýratyn gurluşy we aýratyn funksiýalary bolýarlar. Öz funksiýalaryny ýerine ýetirip garraýarlar we ölýärler. Gyzyl gan öýjükleri bolan eritrositler organizmi kislorod bilen üpjün etmek funksiýasyny ýerine ýetirijidir, olar takmynan 120 gün ýaşap, dalaga baryp dargaýarlar, düşnükli dilde-ölýärler.
Rak öýjükleri adaty öýjüklerden dürli görnüşde tapawutlanýar.
Rak öýjükleri ösmegi we bölünmegi bes etmeýär, olar üznüksiz, çäksiz köpelýärler, olar hemişe ýaş öýjükligine galýarlar, ölmeýärler (edil filmlerde görýân wampirleriňiz ýaly)
Rak öýjükleri beýleki öýjükleriň signallaryna üns bermeýärler. Rak öýjükleri başgaça görünýär.
Adaty öýjüklerden tapawutlylykda rak öýjükleri kadadaky möçberden zyýat ösmegi we bölünmegi bes etmeýärler. Şonuň üçin öýjükler köpelip, ösýän çiş emele getirýärler. Netijede asyl rak öýjüginiň milliardlarça nusgasyndan ybarat bir çiş emele gelýär.
Gan öýjükleriniň ragy çiş emele getirmeýär. Ýöne ganda emele gelýän köp sanly adaty bolmadyk gan öýjüklerini emele getirýärler.
Bedeniň dürli öýjükleri dürli işleri ýerine ýetirýärler. Ähli öýjüklerde ýadro diýilýän dolandyryş merkezi bar. Ýadronyň içinde müňlerçe genlerden ybarat hromosomlar bar. Genlerde öýjügiň özüni alyp barşyny dolandyrýan kodlanan habarlar bolan DNK-nyň uzyn zynjyrlary (dezoksiribonuklein kislotasy) bar. Her bir gen, öýjüge haýsydyr bir funksiýany etmegi aýdýan görkezme (kod) bolup durýar. Bu belok ýa-da RNK (ribonuklein kislotasy) atly başga bir molekula bolup biler. Beloklar we RNK bilelikde öýjüge gözegçilik edýärler. Olar karar berýärler:
🔸nähili tipli öýjük bolmalydygyna
🔸näme etmelidigine
🔸bölünmegine
🔸ölmegine
Genler öýjükleriň ösmegine we tertipli , gözegçilikde saklanmagyna (köpeldilmegine) gözegçilik edýärler. Bu bedeniň sagdyn bolmagy üçin zerurdyr.
Käwagt öýjük bölünende genlerde üýtgeşiklik bolýar. Bu mutasiýa diýip atlandyrylýar. Bu geniň köp gezek zaýalanandygyny ýa-da ýitirilendigini ýa-da göçürilendigini aňladýar.
Mutasiýa öýjük bölünende tötänleýin bolup biler. Käbir mutasiýa, öýjügiň görkezmelerine indi düşünmeýändigini aňladýar. Şunlukda öýjük dolandyryşdan çykyp başlaýar. Adaty bir öýjük rak öýjügine öwrülmezden ozal 6 dürli mutasiýa bolmaly.
Aýratyn genlerdäki mutasiýa muny aňladyp biler:
🔸Bir öýjük, öýjügiň bölünmegine sebäp bolýan gaty köp belok ýasap başlaýar.
🔸Bir öýjük, adatça bir öýjüge bölünmegi bes etmegi aýdýan beloklary öndürmegi bes edýär.
🔸Adaty bolmadyk görnüşde işleýän adaty bolmadyk beloklar öndürilip bilner.
Zeper ýeten öýjügiň bölünmegi we ulalmagy we simptomlara sebäp boljak ýa-da skanerde görünmegi üçin ýeterlik uly bir çiş emele getirmegi üçin köp ýyl gerek bolup biler.
Mutasiýa nähili bolýar
Öýjük bölünende mutasiýa tötänleýin bolup biler. Öýjügiň içindäki ýaşaýyş prosesleri hem bolup biler. Şonuň ýaly-da temmäki tüssesindäki himiki maddalar ýaly bedeniň daşyndan gelýän zatlar bilen hem bagly bolup biler.. Käbir adamlar, rak keseliniň döremegine sebäp bolýan genlerde kemçilikleri miras alyp bilerler. Ýagny rak öýjügi nesil yzarlap bilýär.
Käbir genler her gün zaýalanýar we öýjükler olary bejermekde gaty ökde. Emma wagtyň geçmegi bilen zyýan köpelip biler. Öýjükler gaty çalt ösüp başlansoň, has köp mutasiýa alyp, zeper ýeten genleri bejerip bilmeýärler. Netijede ýene-de howply täze döreme öýjügi emele gelýär.
Bedende rak keseliniň başlanýan ýerine esasy rak ýa-da ilkinji rak diýilýär. Esasy ýerdäki öýjükler dargap, bedeniň beýleki ýerlerine ýaýrap biler. Soňra bu öýjükler ösüp, beýleki çişleri emele getirip bilerler. Bulara ikinji derejeli rak ýa-da metastaz diýilýär.
Rak bedeniň beýleki ýerlerine nädip ýaýrap biler?!
Rak öýjükleri ganyň üsti bilen ýa-da limfa ulgamy arkaly bedeniň beýleki ýerlerine ýaýrap biler.
Düwnük keseli ilki ösüp başlan ýerine görä atlandyrylýar. Mysal üçin, bagryň içine ýaýran içegäniň rak keseline bagyr metastazlary ýa-da içege rak diýilýär. Oňa bagyr keseli diýilmeýär. Sebäbi bagyrdaky rak öýjükleri içege öýjükleridir. Olar rak keseline öwrülen bagyr öýjükleri däl.
Ýaýramagy üçin esasy rak keselinden käbir öýjükler aýrylmaly, bedeniň başga bir bölegine syýahat etmeli we şol ýerde ösüp başlamaly. Rak öýjükleri adaty öýjükler ýaly birleşmeýär. Şeýle hem hereket etmegine itergi berýän maddalar öndürip bilerler.
Rak öýjükleri ownuk gan damarlaryna (kapilýarlara), soňra bolsa gana düşüp biler. Olara aýlanýan çiş öýjükleri diýilýär.
Gözlegçiler dokumanyň nusgasynyň ýerine rak keselini anyklamak üçin aýlanýan çiş öýjüklerini ulanmaga synanyşýarlar (biopsiýa arkaly).
Gan arkaly aýlanýan rak öýjügi, bir ýere ýapyşýança, düwnük öýjüklerini toplaýar. Olar köplenç kapilýar ýaly gaty kiçi gan damaryna dykylýar.Soňra rak keseli damaryň diwaryndan ýakyn organyň dokumasyna geçýär. Öýjük köpelip, täze ikilenji çiş öýjügini emele getirip biler.
Ak gan öýjükleri leýkositler käbir rak öýjüklerini tapyp öldürýärler. Beýleki rak keseli öýjükleri çalt akýan gan bilen ýenjilmegi sebäpli ölüp biler.
Limfa ulgamy, bedeniň suwuklygyny süzýän we ýokançlyga garşy göreşýän ulgamydyr. Şeýle hem, düwnük öýjükleri ýaly zeper ýeten ýa-da zyýanly öýjükleri duzaga salýar.
Rak öýjükleri esasy çişe ýakyn kiçijik limfa damarlaryna girip, ýakyn ýerlere syýahat edip biler. Limfa mâzlerinde rak öýjükleri ölüp biler. Emma käbirleri diri galyp, bir ýa-da birnäçe limfa düwünlerinde çiş emele getirip bilerler. Oňa limfa düwüniniň metastazy diýilýär.