olia
06.05.2023 09:23
TÄÇ: güýjüň nyşany hökmünde_3

Britan däplerine görä, hakyky şa aýaly (korolewa) bilen şanyň (korol) aýalynyň titullary tapawutlydyr. Hakyky korolewa (meselem Ýelizaweta II) Tagta we Täje bolan hakyky hukuklary sebäpli bu titula eýe. Korolyň aýaly bolsa, diýeli, şowly nikanyň netijesinde. Şol sebäpli Britan Korollygynda monarhyň aýalyna köplenç korolewa däl-de korolewa-konsort diýilýär.
Soňky 3,5 ýüzýyllygyň dowamynda korolewa-konsortlar üçin 5 sany täç ýasalypdyr.

Mariýa Modenskiniň täji(1685)
Mariýa Modenskiniň täji Şa regaliýalarynyň gaýtadan döreýiş döwründen soňky şanyň aýalyna niýetlenip ýasalan ilkinji täçdir. Haçanda Karl II 1662-nji ýylda täç geýdirilende ol öýlenen däldi, muňa görä-de, korolewa-konsort üçin niýetlenen täç möhüm däldi.
Britan Korollygynyň täçleri_3
Bu täç Ýakow VII we II (Ýakow VI Stýuart Angliýanyň, Şotlandiýanyň, Irlandiýanyň koroly, Şotlandiýanyň koroly hökmünde Ýakow II diýlipdir) aýaly üçin döredilipdir.

Korolewa Mariýa II, korolewa Anna şeýle-de Georg II aýaly Karolina Ansbahskaýa şu täji geýipdirler.

Adelaida Saksen-Meýniginskiniň täji (1831)
Haçan-da 1831-nji ýylda Wilgelm II-niň täç geýdiriliş dabarasyna taýýarlyk görlende onuň aýaly Mariýa Modenskiniň täjini kän bir halamandy. 1685-nji ýylda döredilen täçde köp sany düzediş işlerini geçirmek zerurdy: ondaky gymmatbahaly daşlar köp aýrylyp dakylýardy we her gezek uly zeper ýetirerdi.

Korolewa bu täji döretmek üçin özüniň şahsy gymmatlyklaryny ulanypdyr we soňra yzyna alypdyr.

Aleksandra Datskiniň täji (1902)
Korolewa Aleksandranyň täji bu ýerde görkezilen täçlerden düýpgöter tapawutly: ol öz täjiniň Britan stilinde ýasalman, daniýalylaryň stilinde edilmegini isläpdir.
Şeýle-de täç altyndan däl-de, platinadan ýasalypdyr we şoňa görä-de örän ýeňil bolupdyr.

Täjiň öň tarapynda şekillendirilen haçda täç geýdiriliş dabarasy wagtynda Koh-i-nur göwheri oturdylypdyr.

Eduard VII aýaly Aleksandra Datskaýa

Mariýa Tekskiniň täji(1911)
Mariýa Tekskaýa özüniň täç geýdiriliş dabarasynda gaýyn enesiniň täjini geýmek islemändir we şol wagtlar täç döretmek bilen meşgullanan Gerrard&Co kompaniýasyndan täze täç alypdyr.
Täç geýdiriliş dabarasynda täç 2200 sany göwher, şol sanda Koh-i-nur göwheri bilen bezelipdir.

Bu gün, 6-nji maýda korolewa-konsort Kamilla hut şu täji geýer.

Ýelizaweta Bouz-Laýonyň täji(1937)

Korolewa Mariýa öz ogly Georg VI-iň (Ýelizaweta II-niň kakasy) täç geýdiriliş dabarasynda öz täjini geýip gatnaşmagy bilen öňden gelýän däpleri bozdy. Korolewa-konsort Ýelizaweta (Ýelizaweta II-niň ejesi) üçin bolsa, täze täç gerek boldy we ol ýene bir täç döretmegi makul bildi.

Korol Georg VI we korolewa-konsort Ýelizaweta

Korolewa Ýelizawetanyň täji hem platinadan edilen. Koh-i-nur göwheri bolsa ýene-de 2800 sany göwher bilen birlikde täze täje geçirildi. Koh-i-nur göwheri häzirki wagtda-da şu täçde ýerleşdirilen.

Haçanda Karl II-niň ogly şazada Uilýam Tagta çykanda, onuň aýaly Keýt Middlton korolewa Ýelizawetanyň täjini geýer.

Bu täçleriň ählisi Britan Täjiniň gymmatlyklary diýilýänlere degişlidir, ýagny, şa regaliýalary we şaý-sepleri, Britan monarhynyň özüne degişli däl-de, Täjiň ýuridiki guramasyndaky döwlete degişlidir.
Häzirki wagtda bularyň hemmesi London Toweryň sergisinde saklanýar we isleg bildirilýänleriň ählisi olary synlap biler.
13
155
Dovlet Ashyrov
6 May 2023
👍👍👍.....
olia
6 May 2023
guldesse,aha:) beýleki sahypada 2-nji bölümem bar😁 ertirem täç bolar😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.