olia
06.05.2023 09:20
TÄÇ: güýjüň nyşany hökmünde_2

Keramatly Eduardyň täji
Britan Korollygynyň täçleri_2
Keramatly Eduardyň täji Britan korollaryna täç geýdiriliş dabarasy üçin ulanylýar. 1661-nji ýylda Karl II tagta çykmagy sebäpli täzeden ýasalypdyr. Sebäbi 1949-njy ýylda Karl I jezalandyrylandan soň, prutançy Oliwer Kromwel "şalaryň erbetlikleriniň simwoly" diýen bahana bilen Britan Korollygynyň ähli regaliýalaryny ýok etmegi buýurýar. XI asyrdan bäri Britan korollaryny bellemekde ulanylyp gelinýän Keramatly Eduardyň gadymy täjini bolsa böleklere bölüp, gymmatbahaly daşlaryny satypdyrlar, altynyndan teňňe ýasapdyrlar.

Karl I regaliýalarynyň näbelli suratkeş tarapyndan çekilen suraty. Bu suratyň kömegi bilen öňki täje meňzeş täze täji döretmek başartdy.

Täç gaty altyndan ýasalyp, 444 sany gymmatbahaly daşlar bilen bezelen. Onuň agramy 4 funt 12 unsiýa (2,155 kg) deňdir. Ilkibaşda täçdäki gymmatly daşlar diňe täç geýdiriliş dabarasynda gerekli wagty dakylypdyr we başga wagtlarda aýrylypdyr. Emma 1911-nji ýylda daşlar hemişelik dakyldy.

Keramatly Eduardyň täji Britan Täjiniň gymmatlyklary diýilýänlere degişlidir, ýagny, şa regaliýalary we şaý-sepleri, Britan monarhynyň özüne degişli däl-de, Täjiň ýuridiki guramasyndaky döwlete degişlidir.

Adatça, Keramatly Eduardyň täji London Toweryň sergisinde goýulýar we isleg bildirýänler ony synlap biler. Bu gün, 6nji maýda, Britaniýanyň täze koroly Karl III täç geýdiriliş dabarasynda şu täji geýer.

Britan Imperiýasynyň täji

Britan Imperiýasynyň täji şekili boýunça Keramatly Eduardyň täjine meňzeş. Onda 2868 sany göwher, 273 sany merjen, 17 sany sapfir, 11 sany zümrüd we 5 sany ýakut daşlary bar.
Täje taryhy ähmiýeti bolan daşlar goýlan. Hajyň ýokarky böleginde Keramatly Eduardyň sapfiry diýlip tanalýan daş; öňki böleginde Gara Şazadanyň ýakut daşy; ýakutdan aşakda Kullinan II göwheri; yzky tarapyna Stuartlaryň sapfiry ýerleşdirilen. Täjiň agramy 1.06kg (2,3 funt)

Britan Imperiýasynyň täji iň köp geýilýän täçdigine görä, könelmek ýa-da döwülmek ähtimallygy ýokary. Muňa görä-de, her bir monarh üçin diýen ýaly täze täç ýasalýar. Iň soňky Britan Imperiýasynyň täji 1937-nji ýylda Georg VI üçin ýasalypdyr. Täze täç ondan öňki täjiň anyk göçürmesi bolup durýar we onuň ähli gymmatbahaly daşlary geçirilipdir. Emma täze täç has ýeňil we uzak wagtlap geýmäge oňaýly.

Hut şu täji geýip Britan monarhy Parlamentyň her ýylky sessiýasyny açýar. Parlamentiň açylyş güni, däplere görä, täç we beýleki gymmatlyklar Westminster köşgüne monarhyň Bukingem köşgünden çykmagyndan öň, aýratynlykda getirilýär we monarh täji diňe Parlamentiň açylyş dabarasyndan öň geýýär. Emma şol gün irden monarh onuň agramyna öwrenişmek we özüni ynamly duýmak üçin öz aýratyn rezidensiýasynda täji geýip taýynlanýar. Köşk hyzmatçylarynyň gürrüň bermegine görä, Ýelizaweta II Parlamentiň açylyş güni Britan Imperiýasynyň täjini geýip ertirlik edinip, gazet okar ekeni.

Britan Imperiýasynyň täji hem edil Keramatly Eduardyň täji ýaly Britan Täjiniň gymmatlyklary diýilýänlere degişlidir, ýagny, şa regaliýalary we şaý-sepleri, Britan monarhynyň özüne degişli däl-de, Täjiň ýuridiki guramasyndaky döwlete degişlidir.

Britan Imperiýasynyň täji Ýelizaweta II-niň tabydynda
13
67
Dovlet Ashyrov
6 May 2023
👍👍👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.