Dusia
05.05.2023 22:16
Eliňi ber, saglygyňy bilip bereýin

Elleriň ýagdaýyndan, temperaturasyndan, derisiniň görnüşinden çen tutup, haýsydyr bir keseliň döräp başlandygyny güman edip bolýar. Keseliňizi irki döwründe ýüze çykarmak isleseňiz, elleriňizi ünsli synlaň.

Aýalar

Aýalaryň gaty gyzarmagy bagryň toksiki zäherlenmesindan habar berýär. Barladyp görüň, belki sizde gepatit ýa-da gepatoz bardyr.

Aýalardaky mermer şekiller wegetatiw nerw ulgamynda näsazlyklaryň bardygyny aňladýar.


Sarymtyl öwüşgin bagyrdaky ýa-da öt haltasyndaky üýtgemeleri (gepatit, holelitiaz, holesistit, holangit we öt çykaryjy ýollaryň beýleki keselleri) görkezýär.

Penjäniň arka tarapyndaky goňur tegmiller mydama adam garranda pigmentleriň (dokumalara reňk beriji maddalar) boýamak ukybynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolup durmaýar. Bu alamat öt haltasynda näsazlyklar ýüze çykanda hem peýda bolýar.

Aýalaryň sowuk bolmagy periferiki ganaýlanyşyň bozulmagynyň alamaty. Galyberse-de, bedende nikotin ýetmezçilik edýär. Bu mikroelemente baý azyk önümlerini iýip-içiň. Nikotin süýt önümlerinde, etde, balykda, kömelekde, greçkada, noýbada, kelemde köp.

Aýalaryň gyzgyn bolmagy bagryň derman,alkogol ýa-da himiki maddalar bilen dowamly zäherlenme zerarly gowşandygyny aňladýar. Lukmanlar gyzgyn aýalara “bagyr aýalary” diýýärler.

Nemli aýalar endokrin bozulmalary, megerem, galkan şekilli mäziň işiniň çendenaşa aktiwleşendigini aňladýar.

Barmaklar

Külembikeleriň häli-şindi guruşmagy ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklar bilen baglanyşykly. Hökman kardiologa ýüz tutmaly.

Başam barmaklaryň guruşmagy dem alyş ulgamynyň gowşamagynyň alamaty.

Barmaklaryň ahyrky süňklerini örtýän deridäki uzaboýuna ýerleşen çuň, ýygyrtlara meňzeş epinler endokrin ulgamyna ünsüňi çekýär. Megerem, sizde gipotireoz (galkan şekili mäziň işjeňliginiň peselmegi) ýa-da süýjüli diabet ýaýbaňlanyp başlandyr.

Barmaklaryňyzyň ujy gyrmyzy reňke boýalan ýaly boldumy? Onda iýmit siňdiriş agzalarynyň barlaglaryny geçirmegiň wagty gelipdir.

Başam barmaklaryň başlanýan ýerindäki tegmiller jyns agzalarynyň kadaly ýagdaýda däldigini habar berýär.

Sag eliň süýem barmagynyň gapdal taraplarynda ýüze çykýan gijilewük ýogyn içegäniň näsazlyklarynyň alamaty.

Süýem barmagyň arka tarapynda deriniň büdür-südür bolmagy köplenç öt haltasyndaky näsazlyklardan habar berýär.

Dyrnaklar

Dyrnaklaryň gyzarmagy bagra we böwreklere üns bermelidigini duýdurýar.

Dyrnaklaryň mawy reňke geçmegi kislorodyň gytlygy zerarly ýüze çykýan ýürek ýa-da öýken ýetmezçiliginiň alamatlarynyň biridir. Bu alamat köplenç demgysma we gowşaklyk bilen utgaşýar.

Dyrnaklarda kese ýerleşen zolaklar dyrnak plastinkasynyň ösüşiniň wagtlaýyn saklanmagynyň alamaty. Şeýle ýagdaý islendik keseliň, meselem, gripiň agyr görnüşinde duş gelip bilýär. Emosional stres ýa-da dermanlaryň gapdallaýyn ýaramsyz täsiri zerarly hem dyrnagyň ösmeginiň wagtlaýyn saklanmagy ähtimal.

Ak nokatlar, menejikler köplenç witaminler ýetmezçilik edende ýa-da dyrnaga şikes ýetende döreýär.
25
120
okyjy dz
6 May 2023
muny bilmek gyzykly👍👍👍
Dovlet Ashyrov
6 May 2023
👍👍👍....
Myhman
5 May 2023
Rak barada magtlumat ýazaý Dusia haýyş
melek06
5 May 2023
Sowuk bolmagy🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.