olia
05.05.2023 13:42
TÄÇ: güýjüň nyşany hökmünde

Hindistanyň imperatorlyk täji ýa-da Georg V-iň täji
Britan Korollygynyň täçleri
Georg V täji ýa-da Hindistanyň imperatorlyk täji, Beýik Britaniýanyň Şasy Georg V üçin Deli Durbarda Hindistanyň imperatory hökmünde täç geýdiriliş dabarasy üçin ýasaldy. Täze täç ýasamagyň zerurlygy, iňlisleriň köne kanunlaryna laýyklykda şa regaliýasyny döwletiň daşyna çykarmak gadaganlygy, ýöne patyşa Hindistanda geýmek üçin täç gerekdigi sebäpli ýüze çykypdy. Täji döretmek Rundell Bridge we Rundell firmasyna ynanyldy.

Täçde dürli ululykda we şekilde 6450 töweregi göwher, 5 sany zümrüd we 4 ýakut daşy goýulypdyr. Georg V ölenden soň täç ulanylmady we 1936-njy ýyldan bäri Tower-de saklanylýar.

Şa zenany Wiktoriýanyň brilliant täji

Ýanýoldaşy şazada Albertyň ölüminden soň, şa zenany Wiktoriýa ömrüniň ahyryna çenli ýas tutupdyr.
Haçan-da ol uly kynçylyklar bilen döwlet işlerine gaýdyp gelmäge razylaşanda, Wiktoriýa dul aýallaryň geýýän wualyny (widow's veil) aýyrmaga düýpgöter garşy çykypdyr. Britan Imperiýasynyň täjini bolsa, onuň wualy bilen geýmek mümkin däldi, täç kiçi gelýärdi. Netijede, Şa zenany Wiktoriýa niýetlenip ähli wajyp çykyşlarda geýmek üçin kiçijik täç döredildi.


Uelsiň şazadasynyň täji ýa-da Britan Korollygynyň mirasdüşeriniň täji

Bu täç bütin korollygyň däl-de, diňe Uelsyň şalyk gymmatlygy hasaplanýar. Ol 1969-njy ýylda şazada Çarlzyň (häzirki korol Karl III) inwestiturasy (titulyň resmi bellenilişi) üçin täzeden taýýarlanypdy.

Häzirki wagtda bu titulyň eýesi şazada Uilýamdyr.

Şotlandiýanyň täji


Bu täjiň taryhy gaty uly we gyzykly. Kromwelden halas edilen täç, gylyç we skipetr 1707-nji ýylda Angliýa bilen Şotlandiýanyň doly birikmeginden soň ulanylyşdan galdy.
Olary Edinburg galasyna getirip, sandyga salyp goýupdyrlar we wagtyň geçmegi bilen nirdedigem unudylypdyr. 100 ýyldan gowrak wagt geçensoň, meşhur romanist Walter Skott gözläp tapypdyr.

Bu täç Britan Korollygynyň iň gadymy gymmatlygydyr, ýöne diňe Şotlandiýanyň regaliýalaryna degişlidir. Bu täje iň soňky özgertmeler 1540-njy ýylda Ýakob V üçin girizilipdir.

Bu täç Şa zenany Ýelizaweta bilen Edinburgyň Keramatly Egidiýa ybadathananasynda hoşlaşyk wagtynda onuň tabydynda goýulypdy.

Dowamy bar..
(Indiki postda Korolewa-konsortlaryň täçleri, Britan Imperiýasynyň täji, Keramatly Eduardyň täji barada..)
21
274
okyjy dz
5 May 2023
syýasat bn gyzyklansaňa gowy,elbetde wagtyň bolsa, olia, post üçin minnetdar,şular ýaly postlaň sany köp bolsun 👍👍👍
Relax
5 May 2023
olia,Ok
olia
5 May 2023
Relax,nähili düşünseň şeýle düşün.
Relax
5 May 2023
olia,indi opşim karol bolsun kareleva bolsun şulañ nesline degişli bolup gitýä hemme zat Angilýañ Yada Britanyan baýlygy diýip gdenok hemme zat şulañky Angilýan özi krisizda ýatyr bular pularak brini tapyp ministir edip goýa halk ölmez ýaly ýogsa bulañ halkyna bir teññede peýdasy ýok ol monarhiýada ahyr zamana çenli ýatmaz
olia
5 May 2023
Relax,🙄 Karl III korolewa konsort däl oňa berler ýaly. Onsoňam korona olaryň zady däl, monarhiýanyň zady. Eger-de monarhiýa ýatyrylan ýagdaýynda-da ýurduň zady bolup galýa. Özem diňe muzeýlerde saklanýa şuwagtlaram. Internetden gyzyklanaýda düşündirjek bolup ýadadym.
Relax
5 May 2023
Bulañ özinde tebigy baýlyk bamai vagtynda ýurtlary sömirip baýap galan bary P.Minstrem Rişi Sunak Hindileñ milloner adamy öñki özlerinden bolan aýal dolandryp blmedi puly ýok bolansoñ
Relax
5 May 2023
olia,şo hasa bilen täç indi karl3e berilýäde opşim şulañ bary vagtynda Afrikany gowy ýumuran tebigy baýlyklarny
olia
5 May 2023
Relax,bilýän. Ýöne Ýelizawetaň koronasy diýip zat ýok. Britan Korollygynyň mülki. Hemem bu postdakylar Britan Korollygynyň regaliýalary däl. Özem Afrikanlaň brilliantlary, Koh-i-nur korolewa-konsortlaryň täçlerine dakylýa korolyň däl.
Relax
5 May 2023
olia,Elazabet daýzañ zatlara şolañkydan ýasalan
olia
5 May 2023
Relax,bulardakylary däl. Ol daşlar barada indiki postda:) şolar barada köp maglumat goşmak ün ikä böldüm
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.