ay_kiz_
05.05.2023 05:33
Kimkä?

Pikir edýän durmuş hakda,
Ejizlänmem duýamok kä,
Öňde-soňda şu maňlaýa,
Täleýi ýazylan kimkä?

Kimkä meň ömürlik höwrüm,
Durmuş ýoly öwrüm-öwrüm,
Söýüp-söýüläýjek döwrüm,
Söýgüm bolup geljek kimkä?

Görksüz kalbym syrçalajak,
Ýalňyzlygmy parçalajak,
Dünýäm içre gunçalajak,
Gül açjak bagbanym kimkä?

Duýgyň diňe ot däldigni,
Ýa bir ýalan zat däldigni,
Dünýäň ajy öt däldigni,
Subut edip söýjek kimkä?

Duýmasa ýürek ýazarmy?
Ýazyp ýeňlenýär, ýalanmy?
Wah, meň söýgüden ýananmy,
Kemlik bilmän söýjek kimkä?!
17
70
okayjy
5 May 2023
Pikir etýän durmuş hakda...👍
okyjy dz
5 May 2023
ertiriňiz haýyrly!
okyjy dz
5 May 2023
gyzlar bilmedigiňiz gowy bolaýmasa😁
gulshatayewa97
5 May 2023
Menem kän pikir edýän kimkä, nähili adamka dýp🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.