https://owrenmeli.app/40784-dawut-asgarow.html#comment
Melikee
04.05.2023 09:40
Ýyllar soňra duşuşyk.
Şeýle bir kän zat bar saňa aýtmaga,
Nämeden başlaýyn ýa halymdanmy?
Başlaýynmy ýatlap toýumdan ýa-da,
Şol wagtky beren sowalymdanmy?!
Ýa-da öňkim ýaly degişäýinmi?
Ýöne şohlugym-a galandyr birçak.
Goşgumy? Hol ýaşlykda goşýanym?
Şol temany açmasag-a gowy boljak.
"Gürle" diýýäň....Neme....
Näme diýsemkäm?!
Howa gowy,duýlanok tomsuň howry..
...Hawa,hawa.Häzir aýdara zat kän,
Özüňem...bi...ýanýoldaşyňam gowmy?!
Aýtmaly zatlarym kän öz-ä çakdan,
Beýniden çykmadyk ýüzläp oý-hyýal...
Ýogsa-da,gep bormy arzuw satmakdan,
Bir kitapdan gürrüň aça:ýynmy ýa?
Dogry, kitabyňam ýeri däl öz-ä,
Görüp dursuň, indi öňküligim ýok.
Aýdylmadyk sözden çekýäris jeza,
Başga näme diýjegimem bilemok.
23
147