ay_kiz_
04.05.2023 08:07
Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Hawa,hawa,çagalar biziň köpümizden kämil. Nädip diýýäňmi? Sözümiň gury bolmazlygy üçin birnäçe delilleri getireýin:
Begenmek. Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek äberiň. Diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys.
”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam
baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele şonda.Geliň,çagalardan begenmegi öwreneliň.Şükür etmegi öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.
Bagyşlamak Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler.Biz näme?Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki
kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi.Biz näme eýsem Alladanam
beýikmi?Ýok,elbetde ýok. Onda näme?Onda näme üçin bagyşlamaly däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser,
has beýgeler.
Hyzmat etmek. Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir.Eýsem bize şunça zatlary peşgeş
eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz.Ine bar bolany :)
25
120
okyjy dz
4 May 2023
gaty dogry aýdylan sözler,👍👍👍
ideallider
4 May 2023
Şondada öwüp "Sen çaga ýaly" diýýäňweli "Sylamajak bolýaňmy, äsgereňokmy, göwnüň ýetenokmy, näme diýjek bolýaň" diýip üsdüňe ýykylýarlar😊👍
okayjy
4 May 2023
Ertir.com da okapdym 👍.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.