Ädikçi . Hekaýa
Refik Halit Karaý,türk ýazyjysy.
Gämi duralgadan gozganyp, Marmara tarap ýola düşende, oglanjygy ugratmaga gelenler üstünden agyr ýük aýrylan ýaly uludan dem aldylar.
Haýyrly bir iş edip, uly ili ynandyrandyrys öýden gara ýürekli bu kimseler ýasama gülküleri bilen:
– Oglanjyk o ýerde özüni has rahat duýar – diýşip, öýli-öýüne dargamak bilen boldular.
Başda kakasy aradan çykyp ýetim galan kiçijik Hasany ejesi hem aradan çykansoň, daşgyn garyndaşlarynyň hem-de goňşy-golamlarynyň ýardamy bilen çet ýurtlaryň birinde ýaşaýan kakasynyň aýal doganynyň ýanyna ugratdylar.
Gämide Hasanyň göwni göterildi: takyrdap işleýän kranlara, ýüzi ýazgyly halas ediji halkalara, guradylýan eşikler ýaly urgandan asylgy gaýyklara, işgärler nobatyny çalyşanlarynda çalynýan jaňa seredip heziller edindi. Hasan ýaňy bäş ýaşyndady, sakawlap çykýan sesjagazy, ýakymlyja gürrüňleri bilen gäminiň ýolagçylaryny hem özüne maýyl edipdi. Gämi ýolboýy durup, birgiden ýolagçylary düşürenden soňra, yssy ýurtlara ýakynlaşdygysaýy badyny gowşadyp ugrady. Gämide galanlar düşünmeýän bir dilinde gepleşensoňlar, indi oňa Stambuldaky ýaly «Hasan, gel!», «Hasan, git!» diýýän ýokdy. Ady hem üýtgän ýaly «Hassen» diýip tutulýardy.
– Taal hun ýa, Hassen – diýenlerinde ýanlaryna barýardy.
– Ruh ýa, Hassen – diýenlerinde bolsa olaryň ýanyndan gaýdýardy.
Gämi barmaly şäherine baranyndan soňra, ony otla mündürip, gyrak-bujakdaky obalaryň birine ugratdylar.
Indi ene diliňi eşitjek gümanyň ýokdy. Hasan özüni hylwata çekdi, ondan bir zat sorasalar, dymýardy, ýaňaklary-da lap-lap gyzarypdy. Durky-düýrmegi bilen pyrtykal baglarynda ünsi jemlenen Hasanyň, gursagynda saň gaty bir zat bar ýaly, bokurdagyna bir zat tegek bolup galan ýaly dowamly dymýardy. Indi güllerdir ir-iýmişlere bürenen owadan we burk urýan bag-bakjalar yzda galyp, zeýtun agaçlary-da seýrekleşipdi.
Gerişlerinde geçileriň otlap ýören guraksy, uçut gaýaly, gyýçak-gyýçak daglaryň arasyndan geçip gitdiler. Bu geçiler hiç bir tegmilsiz şar garady; çöpürleri täze reňklenen awtoulag ýaly ýalpyldap, günüň çogunyň aşagynda has-da lowurdaýardy.
Bular hem gutardy. Gözýetime uzap gidýän düzlüge çykdylar. Ol ýerde ne agaç, ne dag, ne-de jaý bardy! Diňe wagtal-wagtal äpet haýwanlar duş gelýärdi. Uzyn aýakly, uzyn boýunly, arkasy tüňňi haýwanlaryň hiç zat perwaýyna däldi. Agyzlary agymtyl köpürjikli gäwüşeşip, «agyr oýa batyp, öýkeli halda» biri-biriniň yzyndan agraslyk bilen yz galdyrman, tozan turuzman öz peýwagtyna gidip barýardylar.
Ol kän sabyr etdi, ahyry çydam edip bilmän ýanynda oturan esgerden barmagyny uzadyp sorady, ol hem güldi-de:
– Gemel! Gemel! – diýip, jogap berdi.
Hasany otly menzilinde düşürdiler. Boýnuna, alnyna, gollaryna we gulaklaryna dürli-dürli, düzüm-düzüm altyn şaý-sepler dakynan gara örtükli, gara gaşlary birleşip duran, gara meňli aýal ony bagryna basyp:
– Ýa habibi! Ýa aýni! – diýip, begendi.
Ejekesiniň ýany bilen gelen aýallar hem Hasany gujakladylar, ogşadylar, öz aralarynda gürleşdiler we gülüşdiler. Olar çagalaryny-da ýany bilen alyp gelipdiler. Halatlarynyň üstünden köýnek şekilli penjek geýen bu çagalaryň maňlaý saçlary ösgün, başlary-da tahýalydy.
Hasan ümsüm, keýpsiz halda diňe dymýardy.
Şeýle ýagdaý birnäçe hepdeläp dowam etdi. Ol arapça düşünip başlasa-da, kiçijik dünýäsinde peýda bolan ketjallygy bilen dymýardy. Uly howpdan gorkusyna deňziň astynda demini saklajak bolup dyrjaşýan ynsan ýaly elewreýändigini hem bilýärdi, ýöne şonda-da dowamly dymýardy.
Indi onuň guşakly halady, penjegi, tahýasy, gyzyl köwşi hem bardy. Päki bilen syrylyp, eliň aýasy ýaly edilen kellesinde diňe alyn saçlary galdyrylyp, maňlaýyna goýberilipdi. Guradylan deri ýaly gaty, ýaýbaň tamdyr çöregine öwrenişipdi, ony ýere ýazylan saçagyň başynda otyrka çemçedir çarşagyň ýerine ulanyp bilýärdi.
Bir gün ejekesi köçeden gygyryp geçip barýan ädikçini ýanyna çagyrdy.
Jaýyň howlusyna arkasy haltaly, bir elinde kiçijik oturgyç, beýleki elinde bolsa uzyn demir çiş bolan üst-başy eleşan bir adam içeri girdi. Onuň haltasynyň içindäki agzy açyk torbasyndan düýrlenen kagyz mysaly bir zat çykyp durdy.
Ejekesi ussa bilen gepleşensoň, onuň öňünde abatlanmaga mätäç bir topar aýakgaplary hatarlap goýdy.
Ädikçi oturgyjynda oturdy. Hasan hem bilesigelijilik bilen onuň garşysyna geçip oturdy. Onuň dört ýany diwarly, bir gatly, pessejik we pagsadan gurlan bu jaýda şeýle bir içi gysýardy. Hasan geň galyp seredýärdi. Ol ädikçiniň iki tarapy hem kesýän ýukajyk sapsyz pyçagy bilen gaty kagyza meňzeden galyň teletini kesişini, agzynda bir gysym çüýjagazlary saklaýşyny, soňra olary ýeke-ýekeden Stambulda gören maýmyny ýaly agzyndan çykaryp, tiz-tizden aýakgaplaryň aşagyna kakyşyny, deri böleklerini suwa salyp ölleýşini, ýalpak okarajykdaky mäjuma barmagyny batyryp, aýakgaplaryň teletin dabanyna sürüşini, garaz, hemme zady synlap otyrdy. Ol dymyp oturyşyna siňe seredýärdi.
Birdenem göwni göterilip, nirededigini we kim bilen oturandygyny unutdy-da, ünsi bölünip, ene dilinde:
– Çüýler seniň agzyňa çümmeýärmi? – diýenini bilmän galdy.
Ädikçi haýran galmak bilen edip oturan işine dyngy berip, başyny galdyrdy. Ol Hasanyň ýüzüne esli wagtlap seretdi-de:
– Oglanjyk, sen näme türkmi asyl? – diýip, sorady.
– Hawa, Stambuldan geldim.
– Menem şo taraplardan. Izmitden!
Ädikçiniň saç-sakgaly buýr-bulaşykdy, döşi açykdy, dişleri selçeňdi, ýüzi-gözi-de zagpyran dek sarydy. Türk dilini bilýändigi we Stambul taraplardan gelendigi sebäpli Hasan indi onuň diňe edip oturan işine däl-de, ýüzüne-de dykgat bilen seredýärdi.
Dişleriniň seýrekligi sebäpli haýal çykýan sesi bilen ussa ýene-de sorady:
– Sen bu jelegaýlara nädip düşüp ýörsüň?
Hasan başardygyndan gürrüň berdi.
Soňra Kanlyjadaky öýleri barada gürrüň berdi: goňşusynyň ogly Mahmyt bilen balyk tutmaga gidişlerini, ejesi bilen lukmanyň ýanyna barýarka ýerasty geçelgeden geçişlerini, bir ýola ak reňkli tiz kömek ulagynyň gapa gelşini, onuň içinde düşekleriň bardygyny gürrüň berdi. Birden-kä hem sorag berdi.
– Sen näme üçin bärde?
Ussa başyny sallap:
– Bu uzyn hekaýa – diýip pyşyrdady-da: – Bir saý-sebäp bilen bizem bu ýerlere düşdük-dä – diýip, başyny ýaýkady.
Alty aýdan bäri dymyp gelýän Hasan dil açypdy… Şatlykdan ýaňa ýaňajyklary gyzaran Hasan säginmän, dodajyklaryny çömmeldip, ýakymlyja sesi bilen üznüksiz jedirdeýärdi. Ol ýadyna düşen ähli zady gürrüň berýärdi.
Ädikçi hem işleýärdi, hem-de käwagt «Hä! Bäh? Şeýlemi?» diýip, ony diňleýändigini bildirýän sözleri bilen göwnüni göterýärdi. Ol indi geçen günlerini, gezen ýerlerini, uzakda galan ýurdunyň dag-derelerini, nesim ýellerini ýatlap, Watanynyň aýdym-sazyna diň salýan ýaly birde hezil edip, birde gamlanyp bütin durky bilen galpyldap diňleýärdi.
Ädikçi oglanjygy köpräk diňlemek üçin elini haýaljakdan işledýärdi.
Emma ahyrsoňy, ähli aýakgaplar abatlanyp, iş gutardy. Ol demir çişi ýerden sogurdy, teletini düýrledi, çüýli gutusyny ýapdy, ýelimli gabynyň agzyny sarady. Ol bu işleriň hemmesini assa-assadan etdi.
Hasan, gaty gynanyp:
– Gidýäňizmi? – diýip, sorady.
– Hawa, gidýärin, işim gutardy.
Şol wagt ädikçi kiçijik ildeşiniň aglaýandygyny gördi. Ol titräp, sessizje aglaýardy. Gözýaşlary ýaňaklaryndan tirkeş gurap, wagonyň tämiz penjirelerindäki ýagyş damjalary tebigatyň durkuny, gözel manzaryny özünde şöhlelendirip, niçiksi gyssanmaç biri-biriniň üstüne urup akýan bolsa, edil şonuň ýaly içindäki güneşli mawy asman ýüreginde gopýan harasatlar bilen darkaş gurup, buldurap syrygýardy.
– Aglamasana! Aglama, goý hany!
Ädikçiniň damagy dolup, başga söz tapyp bilmedi. Muny eşiden çaga sojap, hünübirýan aglady, ol indi öz dilinde gürleýän adama hiç haçan duşmajagyny bilip aglaýardy.
– Aglama diýýän saňa! Goý, aglama!
Bu sözleri diýýän wagty onuň birmahallar gatap, sowan ýüregi ýumşap, giňlik aralaşypdy. Öňünden geçjek boldy, ýöne başarmady, gaýraty çatmady. Gözleriniň owasynyň ýaşdan dolandygyny, sakgalyndan syrygyp gaýdýan gözýaşlarynyň yssa ýanan gyzgyn döşüne şildiräp akýan bulak ýaly salkynlyk we rahatlyk berip damýandygyny duýdy.
Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew,
«Zaman-Türkmenistan».