mgm
03.05.2023 22:37
Bu gün tötänlikde ýolda sataşdym
Dymmaklyk zerarly ýitiren söýgüm
Sen maňa çalaja baş atyp geçdiň
Kalbymda oýaryp iň eziz duýgum

Tolgunmakdan ýaňa dilim tutuldy
Hal ahbalam soramaga çakym ýok
Wah...düşünýän men ykbaldan utuldum
Inni sana söz gatmaga hakym ýok

Ýöne sen hem sorama meň halymy
Sebäp ol sowala mende jogap kän
Ykbalymyň sensiz geçen ýoluny
Ýatlamaly bolar ýekänme ýekän

Baryn aýtmagada gurbatym catmaz
Sensiz geçen günleň beren küpletin
Sen meni diňlemäge sabryň ýetmez
Inni ikimize gepleşmek çetin

Şonuň üçin dymyşaly bir salym
Biraz gussa batan gözlere garap
Son sen öz ýoluňa men öz ýoluma
Dowam etdireris çalaja ýöräp

Şeydip ýene daşlaşarys ses üýnsiz
Dymmaklyga ikimizde sebäp kän
Göreçler göreje baksynlar müýnsüz
ÇÜNKI KÄTE DYMMAKDA-DA SOWAP KÄN


Awtoryny bilemok
29
138
wekilli
22 Dekabr 2023
Kimi yitirdin kim ol satasamyn🙄🙄
mgm
13 May 2023
melekkk.99, Yokla naman asyk bolmasy (asyk bolmana wagtym yok😉)
melekkk.99
12 May 2023
mgm, sizem birine asik bolupsynyz oytyan
Myhman
5 May 2023
Gaty gowy gosgy
mgm
4 May 2023
gul_,Hayir:( kendi kendimi uzuyorum bazen...
violinist
4 May 2023
*sogap. Awtor:Azat Nurgeldiyew
mgm
3 May 2023
Melikee,Evet hayat acimasiz...
melek06
3 May 2023
👍🏻...
mgm
3 May 2023
Bitter,Amin okunmeli etmesin:)
Melikee
3 May 2023
Haýat işte,ýüzü gülsün diýe ugraştigin insanlarin seni aglattigina şahit oluyorsun..😑
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.