Aýtma!,
Gerek däl, akylymam ýok,
Ýakymam ýok, hakyñ bar,
Sebetde suw men,
Ganatsyz guw men,
Gel başarýan bolsañ,
Ýüregmi ýuw meñ,
Goý, azar etme,
Gõwnüñe güýmen.
Aýtma!,
Geljegimiñ gowy boljagyn,
Göwünlik berme, ,,düzelem* diýme,
Şonsyzam bilýän, dirileñ öljegin,
,,Ana bal berip dur..." Sözenem diýme,
Men bal ary däl...
Çeşmeler, derýalar, deñizler, daglar,
Sähralar, çöllükler, miweli baglar,
Men olary söýýän, olaram meni,
Aramyz gowy, edenok aldaw,
Kalbymyñ köküni suwarýan bagban,
Asman.
Aýtmasyn olam, minnetli ýaly,
Ýagýan ýagyşy, ýagdyrýan gary,
Diýmesin hiç zat, akylym ýetik,
Girewne alaýsyn çepimiñ ýaryn,
Ýöne dymsyn.
Gaýtam-a kosmasa uçan,
Hyýallarmy getiriñ, ýetiriñ,
Olar-a hoş salamymy,
Boşuna samrap ýörmäýin,
Elimden alsyn galamymy,
Äkitsin ýalanyny, getirsin çynyny,
Depsin elime, ursun ýüregme,
Hiç zat gürlemän dymsyn dergne,
Guýsun elegne, urbalygyny,
Elesin biraz, eýläk hem beýläk,
Soñ hamyr edip, zowala eýläp,
Hiç zat aýtmasyn, düşünerin men,
Düşünmesemem düşünjek bolup,
Azara-da galma ýaşynjak bolup,
Ýaşmak gizlänok...
Hawa sen adam, hawa sen alym,
Amalyñ dag ýaly, pikirleñ galyñ,
Öwrenjek senden öwrenmekligi,
Öwrenjek senden öwünmekligi,
Döwmekligi hem-de döwülmekligi,
Haýryñ görnen ýerne ýüwürmekligi,
Zyýany peýdaña öwürmekligi,
Ynsanyñ ynsaby öwünmekdemi!?,
Sogaba kisäñi çöwürmekdemi!?,
Ömür etrabynyñ, göwün mekdebi,
Ýeñilmekdemi?, Bor aýtma.
Han-ha görýärmiñ!?, Edenin edip,
Duýgysyn satyp, göwnüne ýetip,
Öwretýär edep, edepsiz gedem...,
Maña düşünmän, men hakda aýtma,
Men başga dünýä, sen başga dünýä,
Hemramyz aý däl, amanat paý däl,
Ýüregmiz bir däl, islegmiz bir däl,
Howamyz bir welin, çemimiz bir däl,
Giç indi.
Aýdanyñ hiç indi...
Awtory: Baýram Bejidow