Lilia_
02.05.2023 17:20
Amerika ýa­zy­jy­sy Er­nest He­min­gue­ýiň ozal bi­lin­me­ýän “Bagty ko­wa­la­mak ýaly” at­ly he­ka­ýa­sy “The New Yor­ker” ne­şi­ri­niň iýun sa­nyn­da çap edil­di. He­ka­ýa aw­to­bi­og­ra­fik äheň­de bo­lup, onuň ady­ny ýa­zy­jy­nyň og­ly oý­lap ta­pyp­dyr. He­min­gue­ýiň ag­ty­gy Şon He­min­gu­eý, Bos­ton­da­ky Jon F. Ken­ne­di adyn­da­ky ki­tap­ha­na­da we mu­zeý­de tö­tän­den gol­ýaz­ma­nyň üs­tün­den ba­ryp­dyr. Ese­riň baş gah­ry­ma­ny Er­nest He­min­gu­e­ýiň özi bo­lup, he­ka­ýa­da dost­la­ry bi­len uly mar­lin ba­ly­gy­ny aw­la­ýyş­la­ry hak­da gür­rüň be­ril­ýär.
Illki gol­ýaz­ma­nyň ady ýok­dy, şo­nuň üçin onuň ady­ny He­ming­ue­ýiň og­ly Pat­rik saý­la­dy. Ýa­zy­jy­nyň ag­ty­gy­nyň pi­ki­ri­çe, bu at ga­ty şow­ly bol­dy, se­bä­bi he­ka­ýa­da di­ňe bir ba­lyk tut­mak hak­da däl-de, eý­sem onuň ma­za­sy hak­da-da gür­rüň be­ril­ýär. Ýa­zy­jy­nyň og­ly bu ady ka­ka­sy­nyň “Af­ri­ka­nyň ýa­şyl de­pe­le­ri” at­ly ki­ta­by­na sal­gy­lan­mak üçin saý­la­dy. Ki­ta­byň soň­ky bö­lü­mi “Bagty ko­wa­la­mak ýaly” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dy.
He­ka­ýa­da­ky wa­ka­lar 1933-nji ýyl­da bo­lup geç­ýär. Ese­riň maz­mu­ny 1952-nji ýyl­da ne­şir edi­len meş­hur “Go­ja we de­ňiz” he­ka­ýa­sy­ny bir­ne­me ýa­da sal­ýar. He­min­gue­ýiň ag­ty­gy­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, ýa­zy­jy bu he­ka­ýa­nyň üs­tün­de 1936-njy we 1956-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da iş­läp­dir. Er­nest Mil­ler He­min­gu­eý Ame­ri­ka­ly ýa­zy­jy we žur­na­list, 1954-nji ýyl­da ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si. Onuň he­ka­ýa­la­ry we ro­man­la­ry köp dil­le­re ter­ji­me edi­lip, XX asy­ryň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na aý­ra­tyn yz gal­dyr­dy.




87
91
Lilia_
2 May 2023
Bitter, hawa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.