Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, däp-dessurlarymyzy dikeltmäge giň şertler döredilýär. Ene-mamalarymyz milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza çuňňur hormat goýmak bilen olary nesilden nesle geçirip biziň günlerimize ýetiripdirler. Mährem zenanlarymyz gadymy ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma, depjeme ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetirip has-da kämilleşdiripdirler. Milliligimizi alamatlandyrýan keşdeler dünýä derejesinde arzylanmak bilen, ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Munuň özi bu inçe sungatyň sarpasynyň ýokarydygyndan habar berýär. Keşdedir gaýmalaryň owadanlygy görenleri haýrana goýup, olaryň nagyşlarynda, reňkiniň sazlaşygynda uly bir dünýä ýatandyr. Çünki, şol keşdedir nagyşlara çeper elli zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy, içki dünýäsi hem-de arzuw-hyýallaryny siňendir. Gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarymyza salýan nagyşlarynyň her biriniň aýratyn manysy bardyr. Olar biri-birinden owadan, nepis bolup, zemin gözelligini özünde jemleýär. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan syzylyp çykan dürli nagyşly milli lybaslarymyz gözüňi gamaşdyryp duran dürli reňkleri görmek bolýar. Esasan hem, gyzyl, sary, ak, gara, gök, ýaşyl reňkler keşdelere görk berýär. Şeýle-de milli we döwrebap äheňdäki häzirki zaman biçüwli lybaslarymyz bu gün dünýäniň ünsünde. Gadym wagtlarda biziň enelerimiz keşdeçilikde ulanmak üçin sapaklary reňklemekde tebigy ot-çöplerden alynýan reňkleri peýdalanypdyrlar. Nagyşlara salynýan şekilleriň hersiniň öz manysy bolup, gadymy ynançlara görä, nagyşlardaky damjanyň, tolkunyň, suwuň keşbi bereket-rysgal, hasyl bolçulygy bilen baglylykda keşdelenýär. Ösümligiň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini janlandyrýan nagyşlar ýaşaýyş, uzak ömür, dowamat, bagtyýarlyk eçilýär. Milli lybaslarymyzdaky, halydyr palaslarymyzdaky nagyşlara, keşdelere ene topragymyzyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir.
Bahar BERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.