violinist
02.05.2023 10:51
Şol gün ýagyş ýagdy, bulut gysganman
dür damjasyn eçilipdi jahana,
Tebigat iň gözel zenany bilen,
Tanyşmaga döredipdi bahana.

Duralgada durdy ýagşa ezilip,
Baharyň yhlasy, bir näzik eser!
Ýaňagy, göz-gaşy aýratyn kitap,
Kirpikleri, degen ýerini keser.

Çekinjeň, utanjaň, ýygra kalbyma,
Bilmedim nireden, bir ylham geldi:
"Portfelimi alyň, ezilipsiňiz,
Wah meň-ä barybir boljagym boldy".

"Sag boluň" diýdi ol ýylgyryp çala,
"Boljagňyz bolmasyn, özüňiz goraň!"
Alçak ekeniň sen, ýöne şonda-da,
Özümi gorasam, seni kim gorar?!

Emma senem ömürlük däl ekeniň,
Ömrümiň manysy diýip söýenim,
Aldapmydy? söýgä doly gözleriň,
Ýalanmydy? "ýeketägim!" diýeniň.

Bagt diýenim, hasrat boldy ömrüme,
Ýagyşda duşupdyň, gitdiň ýagyşda,
Şondan bäri seni görse gyýylýan,
Baharym! öz perzendiňi bagyşla...

Aglamandym, ýazgarmandym gideňde,
Ejiz duýgularmyň üstünden ätläp,
Ýaşap ýörün ýaraly yşkym bilen,
Ýagşy söýýän arzuwlarmy näletläp...

Maksat ESENOW
21
113
Akgyz💗
2 May 2023
👍👍👍👍....
Myhman
2 May 2023
gaty gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.