BaýramBejidow
01.05.2023 01:34
Ýör!,
Mydaryñ, gujuruñ bar bolsa,
Geçmişe gideli,
Köne saman dörüşeli,
Aldamakda ýaryşaly.

Eşdilmedik, diýilmedik,
Sözi tapyp diýişeli,
Duýulmadyk duýgylaram,
Galan bolsa duýuşaly.

Ýör!,
Galan bolsa ahmyryñ,
Ýeri gazyp, mazaryn oýup,
Tapyp yşgyñ maslygyn,
Soraşaly, ýüzleşeli.

Dolanaly wada eden ýermize,
Onsañ meni terk etjegñi wada ber,
Närazy men, geljegimde ýok bolsañ,
Bar zady täzeden başlaly,
Ýör!...

Awtory: Baýram Bejidow
23
90
Myhman
1 May 2023
Bar zady täzeden başlaly,
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.