olia
30.04.2023 19:33
Din Ližen küşt oýny boýunça 17-nji dünýä çempiony boldy.

Bu gün, 30-nji aprelde Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilýän küşt boýunça dünýä çempionatynda hytaýly grosmeýster Din Ližen russiýaly Ýan Nepomnýaşiny (Ян Непомнящий) utmak bilen dünýä çempiony bolmagy başardy.
(Oýnuň netijeleri - 7:7; tie-break 2,5-1,5)

Küşt boýunça dünýä çempiony diýen at resmi taýdan 1886-nji ýyldan bäri berilýär. Din Ližen - küşt boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji hytaýlydyr.

Mundan öňler, dünýä çempiony diýen ada SSSR-iň we Russiýanyň 9 sany küştçüsi mynasyp bolupdy: Aleksandr Alýohin, Mihail Botwinnik, Wasiliý Smyslow, Mihail Tal, Tigran Petrosýan, Boris Spasskiý, Anatoliý Karpow, Garri Kasparow, Wladimir Kramnik.

Mundan başga-da, Wilgelm Steýnis, Emanuel Lasker, Hose Raul Kapablanka, Maks Eýwe, Robert Fişer, Wişwanatan Anand we Magnus Karlsen dürli ýyllarda dünýä çempionlary bolmagy başardylar.
20
189
Dark
30 Aprel 2023
olia, Edip bolmasy gerek.
Dark
30 Aprel 2023
olia,Play Marketden edip bilmediñmi.
olia
30 Aprel 2023
Dark,registrasiya edip bilmandim🤔
Dark
30 Aprel 2023
olia,Şonu ulanyân
Dark
30 Aprel 2023
olia,Giryân
olia
30 Aprel 2023
Dark,chess.coma girenizokmy?
okayjy
30 Aprel 2023
Dark, 👍
Dark
30 Aprel 2023
okayjy,Satranç diyip yaz çykar."Satranç oyna ve ögre diye çıkar"
okayjy
30 Aprel 2023
Dark,Bolýa men bir skaçat edip alaýyn 👍. Adyny ýazyp bersene bašga görnišini alarn häzir ýalñyşyp...
Dark
30 Aprel 2023
okayjy, Oynap göreli meniñem elim açylsyn😂.5 ay boldy oynamadygma.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.