violinist
30.04.2023 18:15
O ne beýle, “Dur, gitme”-de diýmediň,
Ýogsa, aýryldyg-a hut öňki ýaly.
Onda näme üçin her gün, her pursat
Sen meniňki ýaly, men seňki ýaly?

Birden-birimiz bir duýmaly ahyr
Aýralygyň ýeňilleşen şertlerin.
Onda näme seni görsem
Ýa görseň...
Hanama sygmaýan ýaly dertlerim...

O näme üçin onda senem aýply dek
Ýa-da menem seni görsem, utanýan.
Onda, diýmek, aýralygyň adyndan
Aýrylyşan bolup ýörüs utanman.

“Aýrylyşypmyşyk”, tumşuklar gökde,
“Özi habar tutar” hökmün ýöredýäs.
Ýöne näme üçindir birek-birege
Bir-birimiz görmeýärkäk seredýäs.

Oguljennet BÄŞIMOWA
20
139
violinist
30 Aprel 2023
kowser,Hawa
violinist
30 Aprel 2023
kowser,bolýa:) ❤
violinist
30 Aprel 2023
kowser,Salam, hawa gowuçylyk).. Siz gowumy?
violinist
30 Aprel 2023
gulshatayewa97,Salam.. baryn, gowumysyňyz:)
gulshatayewa97
30 Aprel 2023
Jana bamyňgy sen ýitip gitdiň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.