Gyzykly deňiz maglumatlary – deňizlerde we ummanlarda ýaşaýan haýwanlar hakda has giňişleýin maglumat almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Mundan başga-da, bu ýerde ösümlikler, suwotular we tebigy hadysalar barada maglumatlar berilýär.
Ummanlar biziň planetamyzyň 70 göterimini eýeleýär.
2000-nji ýylda alymlar Ortaýer deňziniň düýbünde, Aleksandriýadan uzak bolmadyk gadymy Heraklion şäherini tapdylar. Bir wagtlar gülläp ösen bu şäher müň ýyl ozal bolup geçen güýçli ýer titremesi netijesinde suwuň aşagyna gidipdir.
Iň uly suwotular laminariýa maşgalasyna degişlidir we uzynlygy 200 metre çenli ösüp bilýär.
Suwotular kök ulgamynyň we baldagyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Olaryň bedenini suwuň özi saklaýar.
Eredilen deňiz buzy, deňiz suwundan 10 esse az duz bolany üçin içip bolýar.
Ýuwaş ummanynda ak akulalaryň köp ýygnanýan ýeri bar. Alymlar haýwanlaryň özleri üçin iýmitlenmek mümkinçiligi az bolan ýerde näme edýändiklerini entek hem düşündirip bilmeýärler.
Deňiz pişigi 200 metr çuňluga çenli çümüp bilýär.
Narwallaryň uzynlygy 3 metre ýetip bilýän bir sany dişi bar.
Deňiz leopardlary suwda sagatda 40 kilometr tizlikde ýüzmek mümkinçiligine eýe we olar 300 metr çuňluga gidip bilýärler. Deňiz leopardlar daşyndan týulenlere meňzeýär.
Osminogyň beýnisi bedeniniň ululygyna deňdir.
Deňiz kirpisi aýaklary boýunça rekordçydyr we olaryň sany 1000-e golaýdyr. Bu jandar şo aýaklary bilen hereket edýär, dem alýar, ys alýar we duýýar.
Eger dünýä ummanyndaky altynlar çykarylan ýagdaýynda, Ýer şaryndaky her bir adam 4 kg altyn ýetýär.
Guwançmyrat Jallaýew