Birleşen Arap Emirlikleriniň iň uly şäheri we deňiz porty Dubaý şäheridir. Ol Gündogar Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýär. Dubaý ajaýyp, köptaraply we üýtgeşik hakyky oazis şäheridir.Onuň meýdany 3885 kw. metr bolup,Abu Dabiden soň ikinji ýerde durýar. Dubaý dünýäniň iň yssy şäherleriniň biri hasaplanýar. Tomusda bu ýerdäki kölegäniň temperaturasy, köplenç, +50 derejä çenli ýokarlanýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Dubaý adaty binalary bolan çöl içindäki şäheri ýadyňa salýardy. Indi bolsa onuň arassa köçeleri we binalary şöhle saçýar.
![Arap dünýäsiniň gözellikleri...]()
«Burj-Al-Arab» türkmençe terjime edeniňde «Arap diňi» diýmegi aňladýan, ýelken şekilindäki myhmanhana deňiz kenaryndan 280 metr uzaklykda,köpri bilen gury ýere birleşdirilen emeli adada ýerleşýär. Beýikligi 321 metr bolan «Burj Al Arab» myhmanhanasy häzirki wagtda dünýädäki iň beýik 5-nji myhmanhanadyr.
Dubaýyň ýene-de bir gözellikleriniň biri «Burj Halifa» binasy bolup durýar. 2010-njy ýyla çenli onuň ady «Burj Dubai» diýip atlandyrylýardy.Soňra binanyň adyny Birleşen Arap Emirlikleriniň 2-nji Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahýana adyna bagyşlap üýtgedilýär. «Burj Halifa» binasynyň takyk beýikligi 828 metr bolup, ol 163 gatly dünýäde meşhur iň beýik binadyr.
![]()
Dubaý Gündogaryň iň uly söwda-maliýe, syýahatçylyk merkezidir. Şäheriň ösüş depgini Şanhaý bilen deňeşdirilýär. Erkin ykdysady zolaklar Dubaý şäherinde söwda etmekde uly ähmiýete eýe.
BAE-niň ykdysadyýetiniň 85%-den gowragy 2009-nji ýylda nebit eksportyna esaslandy. 2011-nji ýylda BAE hökümet býudjetiniň 77%-ini nebit eksporty düzdi.
![]()
Abu Dabi we BAE-niň beýleki emirleri diwersifikasiýa meselesinde birneme konserwatiw bolup galsa-da, nebit ätiýaçlyklary az bolan Dubaý ýurt boýunça diwersifikasiýa syýasatynda has-da öňe çykýar. Binagärlik gurluşyk ulgamynyň ösüşi, şeýle-de hyzmatlar ulgamy ýurduň ykdysadyýetiniň has-da ösmegine ýardam berýär. Şäherde işewürligiň we syýahatçylygyň ösmegine aýratyn orun berilýär.
Dubaý şäheriniň syýahatçylygy, edil nebit ýaly girdeji çeşmeleriniň biridir. Häzirki wagtda diňe bir Russiýadan gelýän syýahatçylaryň mukdary ýylda 250 müň adama ýetýär. Ol ýerde dünýäniň iň kaşaň myhmanhanalary ýerleşýär. Dubaý şäherine gezelenje barýan syýahatçylar ol ýeriň ýerli ýaşaýjylarynyň ählisiniň dogruçyl hem-de mylakatlydygyny belleýärler.
![]()
Gadymy edebiýatymyzyň, taryhymyzyň, medeni ruhy mirasymyzyň köp sahypalary arap gardaşlar, musulman dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylaýta-da, şahyrana setirlere siňen arap gözelleriniň waspy eşideni haýrana goýýar. Şonda esasy üns berlen zat ruhy tämizlik, edep-ekram, maşgala terbiýesi, är-aýal gatnaşyklarynyň hormat-sylagly bolmagy, çagany eziz saklamak, şonuň bilen birlikdede terbiýesini özünden ileri tutmak, içki hem daşky gözelligiň bütewiligi baş mazmuna öwrülipdir. Heňňamlaryň heňine gulak goýup görseňiz, şonda siz şu sözleriň köküniň taryhyň çuňluklaryna çenli aralaşýandygyna göz ýetirersiňiz!