Lilia_
29.04.2023 21:37
Näme üçin gök syýaly ruçkalary ulanýarys?


Ilki bilen, ruçkalaryň taryhyndan söz açsak, juda irki döwürlerde adamlar guşlaryň ýelekleriniň ujuny syýa batyryp hat ýazypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen syýaly ýelekler kämilleşip, ruçka oýlanyp tapylypdyr. Häzirki zaman ruçkalaryň ýönekeýje görnüşi wengriýaly Lazlo Jozef Biro tarapyndan oýlanylyp tapylypdyr. Onuň ilkinji ýasan ruçkasy şarjagazly bolupdyr. Şarjagazly ruçkalar syýany endigan, tygşytly sarp edýär. Bir sany şarjagazly ruçka ortaça elli bäş müň söz ýazyp bilýär. Orta hasapdan, adamlar ýylda dört sany ruçkanyň syýasyny harçlap bilýärler. Şarjagazly ruçkanyň syýa saklaýan gapjagazlary ilkibaşda güberçekli görnüşde bolup, wagtyň geçmegi bilen häzirki görnüşe getirilipdir.

Eýsem, mekdep okuwçylary näme üçin elmydama gök syýaly ruçkalary ulanýarkalar?! Muny bilmek, gyzykly bolsa gerek?! Häzirki wagtda dürli reňkli, gyzyl, sary, ýaşyl, mawy, gülgüne reňkli ruçkalaryň bardygyna garamazdan, gök ruçkanyň köp ulanylýandygy bellidir.

Aslynda, gök reňk rahatlandyryjy reňk bolup, ol ýatkeşligi hem artdyrmaga oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin hem gök reňkli syýaly ruçkany ulanmak köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdyr. Kompýuterlerde hat ýazylanda, gara reňkiň ulanylmagy hem ynsanyň nerw rahatlygyny saklaýar. Hawa, okuwçylar gök reňkli syýaly ruçkalarda ýazýarlar. Ýöne mugallymlar gyzyl ruçkada bahalandyrýarlar. Sebäbi, gyzyl ruçka okuwçylaryň ünsüni goýberen säwligine çekmek ýa-da duýduryş bermek maksady bilen ulanylýar. Mugallymlar şonuň üçin gyzyl reňkli ruçkada bahalandyrýarlar.

Gündelik durmuşda üns berilmese-de, iň zerur zatlaryň biri ruçka bolup durýar. Boýunyň bary-ýogy bir garyş bolmagyna garamazdan, onda ýüzlerçe işleriň binýady tutulýar. Eýsem-de, bolsa, ruçka diňe bir hat ýazmak üçin ulanylman, onda dünýä belli peýzaž, natýurmort, portret we şuňa meňzeş ajaýyp suratlar çekilýär.

Häzirki wagtda ruçkada surat çekmek işi sungat derejesine ýetirildi. Wagtyň suw ýaly akýan, dünýä tilsimatlarynyň yzyndan ýetmesi kyn derejede kämilleşýän döwründe söz ýalňyşlyklaryny ýörite düzedýän, hatda tekstleri terjime edýän, minikompýuter derejesine ýeten täsin ruçkalar oýlanyp tapylýar.

Aknur ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.





98
356
Myhman
30 Aprel 2023
Üns chekiji 🤔
okayjy
30 Aprel 2023
Köplenç gara ruçka ulanmagy gowy görýän...👍
Myhman
30 Aprel 2023
👍👍👍👍👍.......
işan
30 Aprel 2023
örän gyzykly 👏👏👏👏👍👍👍
Miss_Minnosh❤️
29 Aprel 2023
Gyzykly👍🏻👍🏻👍🏻
Lilia_
29 Aprel 2023
seljukly, Dogrusy uzyn tekstli postlary kän adam okamaya. Okalsa begenyan size minnetdar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.