olia
29.04.2023 14:27
Dünýädäki iň garry agaç: bu fisroýýa nirede ösýär we näme sebäpden jahankeşdelerden goralýar?

Çilide, Santýago şäherinden 800 km günortada, tokaý jülgesiniň gyrasynda dünýädäki iň garry agaç adyna eýe bolmaga ähli mümkinçilikleri bolan ägirt uly kiparis agajy ösýär.

"Garry ata" diýlip at berlen agajyň diametri 4 metre, uzynlygy 28 metre çenli ýetýär. Ol agaçlaryň fitzroya cupressiodes görnüşine degişli. Fisroýýalar (фицройя) - ägirt uly, assa ösýän we hemişelik ýaşyl agaçlar bolup, Çiliniň günortasynda we Argentinada köp duşýar.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, Garry atanyň ýaşy bäş müň ýyldan geçýär, diýmek, ol Mafusaildan, ýagny, Kaliforniýada ýerleşýän ýaşy 4850 ýyl diýlip hasaplanan sosna agajyndan hem garry. Emma häzirki wagtda Mafusail dünýäde iň garry agaç hökmünde tanalýar. Nähili bolanda-da, Ýer şarynyň beýleki böleginde adamlar Stounheji we piramidalary gurup ýören döwürlerinde-de, bu agaçlaryň ikisi-de bardy.

2020-nji ýylda alymlar Garry atanyň sütüninde inçejik deşik etdiler, emma barybir agajyň merkezine çenli ýetip bilmediler. Alnan materiallaryň analizi agajyň ýaşyny 2400 ýyl diýip hasaplamaga ýardam etdi. Gözlegçileriň bu maglumatlaryň esasynda döreden matematik modeli bu agajyň ýaşynyň 5 ýyldan az ýa köp bolup biljekdiginiň ähtimallygyny 80% diýip görkezdi.

Soňky ýyllarda Garry atanyň ösüp barýan meşhurlygy sebäpli tokaýa gelýän syýahatçylaryň sany artdy. Agajy goramak maksady bilen, agajyň ösýän ýeri bolan döwlet goraghanasynyň ýolbaşçylary oňa ýakynlaşmagy çäklendirdi. Şol bir wagtyň özünde, Mafusailyň takyk ýerleşýän ýeri gizlin saklanýar.

Alymlar şeýle gadymy agaçlary geçmişi görmek üçin aýna diýip atlandyrýarlar. Olaryň ýyllyk halkalary gurakçylyklar, suw joşgunlary, ýer titremeleri, tokaý ýangynlary barada maglumat berýär, şeýle-de planetadaky ýaşaýşyň tebigy betbagtçylyklara we howanyň üýtgemegine nädip uýgunlaşandygyny kesgitlemek üçin ulanylyp bilner.
29
334
ideallider
2 May 2023
Eýýäm "Iň garry agaçlar" gaty köpeldi.😄👍
Myhman
30 Aprel 2023
Wauu harika
olia
30 Aprel 2023
Uzukjemal,salam. Spasibo konecno) yone men un o likelaryn tapawudy yok sebabi o derejeler mende yoranok:)
Uzukjemal
29 Aprel 2023
Howesjen boldunyz gutlayan. Dowamly bolsun🤗😘
Myhman
29 Aprel 2023
🤔oran tasin
Uzukjemal
29 Aprel 2023
Bah tasin👍🏻
işan
29 Aprel 2023
Örän täsin
Islamcik
29 Aprel 2023
tuweleme😄
balkan_gyzy
29 Aprel 2023
Salam Şaperi❄04, gowjamy ýagdaýlarñyz armañda🙋‍♀️
Şaperi❄️04
29 Aprel 2023
Täsin🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.