BaýramBejidow
29.04.2023 08:11
SEN GELSEÑ.

Sen gelseñ ýüregmiñ ýarasy biter,
Sen gelseñ gussalam uçar başymdan,
Gögele göwnümi büräp tämizlik,
Ýalñyzlyk aýlanyp geçer daşymdan.

Sen gelseñ, gunçasyn açar güllerim,
Sen gelseñ gyş günlem öwrüler ý:aza,
Özini ýitiren özümi tapyp,
Mukamym goşaryn ajap owaza.

Has-da gözelleşer dünýäniñ ýüzi,
Ýüzümde ýylgyryş ýer bermäz gussa,
,,Ynam" atly duralgada durun men,
Garaşýan gelerñe, sagady gyssap.

Kalbyma nuryny çaýar gözleriñ,
Lukmanym sen, dertlerime em eden,
Men seni söýerin, irmen söýmekden,
Meni dünýä getirseler ýene-de.

Sen gelseñ ähli zat şowuna bolar,
D:aşa eken tohumlarym şinelär,
Ýalanlardan ynjan, çäkli ömüri,
Sen gelmeseñ, hasratlarym güýmeýär.

Umyt sönmez, ýazgydymda barlygña,
Garaşaryn gursagyma dem gelse,
Üns bermen bu dünýäniñ darlygna,
Älem giñär bagtym bolup sen gelseñ.

Awtory: Baýram Bejidow
19
129
gulshatayewa97
29 Aprel 2023
BaýramBejidow,🤭🤭🤭🤭😝
BaýramBejidow
29 Aprel 2023
gulshatayewa97, näme oýun edýändirin öýtýäñmi🤭
gulshatayewa97
29 Aprel 2023
BaýramBejidow, şeýdeweri ýogsa ýanyp ýörsüňä
gulshatayewa97
29 Aprel 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98,ýok sen ýüregiňden çykmany üçin o bolanok😁
BaýramBejidow
29 Aprel 2023
gulshatayewa97, öwrenýändä senden 🤭
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
Bu goşgyny aýdyma geçirsem menem yşga düşen bolýarynmy 🤔
gulshatayewa97
29 Aprel 2023
Tüweleme romantik bolduň senä soňky döwür yşka uçrap ýörsüň öýdýän 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.