ay_kiz_
29.04.2023 07:44
Çaganyň ilkinji görýän reňki gyzyldyr.

Ak reňk päkligi we arassalygy aňladýar. Şeýle hem, ak reňk yzygiderliligi we durnuklylygy aňladýar. Köplenç ak reňkli eşigiň geýilmegi hem şular bilen baglydyr.

Ýaşyl tebigatyň reňkidir. Ýaşyl reňk pugta ynamy hem aňladýar. Şol sebäpli banklaryň atlary ýaşyl reňkli harplar bilen ýazylýar. Ýaşyl reňk rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, döredijiligi, hyjuwy artdyrýar. Köp ýerlerde aşhanalar we ýatylýan otaglar ýaşyla boýalýar.

Sary reňk ynsany iň ajykdyryjy reňk hasaplanýar.

Reňkleri doly saýgarmaýan adamlaryň gijelerine göreji ýiti bolýar.

Goňur reňk adamlaryň çalasyn hereket etmeklerine täsir edýär. Şol sebäpli tiz tagam bişirilýän restoranlarda oturgyçlaryň we stollaryň reňki goňur, diwarlary bolsa açyk reňkde bolýar.

Gülgüne reňk ynsany köşeşdirýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu reňk köplenç gaharyň öňüni alýar.

Gök reňk dünýäde iň köp halanýan reňkdir.

Narynç reňki özüneçekiji, şatlandyryjy, göwnüňi göteriji häsiýetlere eýe. Bu reňk gan aýlanyşyňy çaltlandyryp, zehiniňi açýar. Çagalar otagy, aşhana we naharhana üçin iň amatly reňk narynçdyr. Emma bu reňk iş we dynç alyş otagy üçin maslahat berilmeýär.
26
245
Myhman
2 May 2023
myhman,name yalñyshlyk bar,duzedip goyber
Myhman
2 May 2023
narync gunuñ batyp baryan wagtyndaky reñkmika diyyan men-a
ideallider
2 May 2023
Narynç nähili reňk bolýaraý!?🙂👍
Relax
30 Aprel 2023
Çaga dogulan wagty ak gara görýä
işan
29 Aprel 2023
Sary güller hem bar owadan
camel
29 Aprel 2023
Super
mgm
29 Aprel 2023
Men ak bn gara reňki has halaýan beýleki reňklerden...👍🏻
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
ay_kiz_, menä sary rekňden galanyny halaýan
ay_kiz_
29 Aprel 2023
gulshatayewa97, diňe siz däl🙈
gulshatayewa97
29 Aprel 2023
Näme üçindir sary reňki hiç halamok🥴
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.