Dünýäniň iň owadan baglary
Keukenhof, Lisse, Gollandiýa
Keukenhof dünýädäki iň owadan bahar bagy bolup, seýilgähde her ýyl takmynan, 7 million gül lampasy oturdylan dünýäniň iň uly gül bagydyr. Bu bag her ýyl mart aýynyň ortalaryndan maý aýynyň ortalaryna çenli açykdyr. Keukenhof galasynyň meýdançalary ýylyň dowamynda açyk bolup, Castlefest, Ladies Winternight we Ro Christmasdestwo ýarmarkasy ýaly festiwallarda köplenç ulanylýar. Şeýle hem galada nusgawy aýdym-saz çykyşlary bar. Elbetde, muny dünýäniň hökman görmeli ýerleriniň derejesinde goýmak bolar.
Kirstenbosş, Keýptaun, Günorta Afrika
“Afrikanyň iň owadan bagy” ady bilen tanalýan Kirstenbosş milli botanika bagy dünýäniň meşhur we beýik botanika baglaryndan biridir. Keýptaunyň gündogar dag eňňitlerine Kirstenbosş ýaly ajaýyplyga az duş gelinýär. Baglardan birnäçe ýol dag eňňitlerine çykýar we olar pyýadalar hem-de alpinistler tarapyndan köp ulanylýar. Tomus aýlarynda ýekşenbe agşamlary bu ýerde meşhur açyk konsertler tapgyry hem yzygiderli geçirilýär.
Çöl botanika bagy, Feniks, Arizona, ABŞ
Arizona ştatynyň Finiks şäherindäki 140 gektar çöl botanika bagy, dünýäniň çöllerinden gurak ýer ösümlikleriniň iň oňat ýygyndysyna eýedir. Bagda 50,000-den gowrak ösümlik bolup, olar örän özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Butçart baglary – Kanada
Butçart baglary Kanadanyň Wiktoriýa şäherindäki iň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri hem-de Kanadanyň milli taryhy ýadygärligi hasaplanýar. Baglar owadan we arassa saklanýar, şeýle-de onuň ajaýyp reňkleri göz üçin bejergi hökmünde görülýär.
Klod Monetiň bagy, Giwerny, Demirgazyk Fransiýa
Fransiýanyň iň meşhur bagy Monetiň meşhur sungat eserine esaslanýar. Monetiň bagynda iki bölek bar: jaýyň öňünde Clos Normand atly gül bagy we ýoluň beýleki tarapynda ylhamlandyryjy suw bagy ýerleşýär. Bu baglarda sözüň doly manysynda müňlerçe gül: çigildem, iris we pioni – Monetiň suratlaryna ylham berýän ajaýyp reňkli ösümlikler bar.
Longwud baglary, Pensilwaniýa, ABŞ
1077 gektardan gowrak ýer we 11,000-den gowrak ösümlik görnüşi bolan Longwood baglary hem şolaryň biridir. Oňa Italiýanyň Suw bagy, Gül bagy, gezelenç, suw görkeziş baglary we başgalar girýär.
Taýlandyň Pattaýa şäheri, Nong Nooch tropiki botanika bagy
Bu ajaýyp tropiki bag botanika baglarynyň dünýä derejesidir. Şeýle hem, öz “Cycad Gen Bank” bilen sikadlara bagyşlanan esasy ylmy merkezdir. Botanika seýilgähinden başga-da, Nong Nooch bagy Taýland medeni zalynda gündelik tomaşalary hem görkezýär.
Giardini Botanici Villa Taranto, Pýemont, Italiýa
Giardini di Villa Taranto (Villa Taranto baglary) botanika mirasy, Italiýada ozal ösdürilmedik 20,000 töweregi görnüşi bolan 1000 töweregi ösümligi öz içine alýar. Bag Pallanza şäherindäki Maggiore kölüniň günbatar kenarynda ýerleşýär.
Korol botanika baglary, Kew, London
Kew, Londonyň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren iň uly ýeridir, baglaryň taryhynyň her basgançagyndan täsin peýzažlary, wistalary we ajaýyp binagärçiligi hödürleýär. Kewiň maksady ösümlik we kömelek bilimleri üçin global çeşme bolmakdyr.
Kenroku-en bagy, Işikawa, Ýaponiýa
Kenroku-en Ýaponiýanyň üç beýik bagynyň biridir, meýdançalar gündizine açyk we ähli möwsümlerde gözelligi bilen meşhurdyr. Bag, Kanazawa galasynyň derwezesiniň daşynda ýerleşip, ilkinji daşarky bagy emele getirdi. Bag ajaýyp landşaft, giňlik, ýekelik, çeperçilik, gadymyýet, suw ýollary we panoramalar ýaly birnäçe özboluşly häsiýeti bilen meşhurdyr.
Taýýarlan: Şemşat JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.