Lilia_
28.04.2023 22:26

Ömür merdiwany» atly kyssalar toplumyndan parçalar

KITAP

Seniň halaýan kitabyňy kän göterip gezdim. Ol ýantorbanyň esasy hemrasyna öwrüldi. Soňabaka halys lapym keç bolup, ony ýantorbadan çykaryp, bir dostuma sowgat etdim. Şondan soňra ýantorbamyňam «içi gysyp başlady», ol-a seniň halaýan kitabyňy, menem seniň özüňi küýsäp, dertdeş bolduk.



MÖWSÜM

Tebigatda gyş bilen tomus öz orunlaryny çalşyp durýar. Ýaz bilen güýz ilki tomsa, soňam gyşa öwrenişmäge maý berýär. Ýazyň ahyrynyň yssysy, güýzüň soňunyň çigregi muny ýatlatmaýarmy? Emma magşuk öz aşygyna ýazsyz-güýzsüz bir möwsümi peşgeş berýär. Onuň diňe gyşy bilen tomsy bar.



SÖZLER

Höwesjeň aýdymçylaryň we ýaş «şahyrlaryň» döredijiligindäki biri beýlekisini gaýtalaýan jümleler soňabaka halys irizýär. «Ýanýan, köýýän, bişýän» diýen jümleler hatda Mollanepesiň «Ýanyp men ataşlaryňa» diýen ajaýyp goşgysynyňam mazasyny alyp barýar. Onsoň oturyp, «Megerem, «ýandy, köýdi» diýen jümleler ýangyn söndüriji gullugyň hasabatynda-da şonça köp ulanylmaýan bolsa gerek» diýip oýlanýarsyň.
86
55
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
gul_, Çary Babaýewem şolar ýaly
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
gul_, Aman dj hem şolarýaly goşgudan aýdym aýtýar
Lilia_
28 Aprel 2023
gul_, 🙂🌹🌹🌹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.