towşanjyk
28.04.2023 23:31

Amerikanyň Mattel oýnawaç kompaniýasy Daun sindromly Barbi gurjagynyň ilkinji wersiýasyny çykardy. Bu barada sişenbe güni CNN teleýaýlymy kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Liza Maknaýta salgylanyp habar berdi.


Maknaýt: "Daş töweregimizdäki dünýäniň dürlüligini has gowy görkezmek üçin Daun sindromly Barbi gurjagyny buýsanç bilen hödürleýäris" - diýdi.

Barbi lukmançylyk hünärmenleri bilen bilelikde döredildi. Ol genetiki näsazlygy bolan aýallary gysga boýly we uzyn göwre bilen häsiýetlendirýän täze ýüz we beden heýkeltaraşlygyny öz içine alýar. Gurjagyň ýüzi tegelek görnüşe, kiçijik gulaklara, paşşyk seňrige we badam şekilli, çala çaşarýan gözlere eýe boldy.

Täze gurjak çagalary adamyň köp sanly aýratynlyklary bilen tanyşdyrmak üçin döredilen “Barbie Fashionistas” hatarynyň bir bölegidir. Şeýlelikde, hatarda protez aýakly gurjak, eşidiş enjamly gyz, maýyp arabaly we witiligo keselli barbi bar, şonuň üçin deriniň käbir ýerleri pigmentden mahrumdyr.

10
147
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.