Carygulyuew Dowran...
20.03.2020 13:50
Haýa nikaply heýkel (hekaýa)


Aýtuwak ejäniň giň mellegi bardy. Onuň birje otagdan ybarat bolan hütdüjek jaýynyň agzy gündogara bakyp durdy. Aslyna seredeniňde-hä Aýtuwak eje üçin jaýyň agzynyň nirä bakýanynyň düýbünden parhy ýokdy. Onyň gara garagy ýeke doganynyň agysyny aglap kör bolupdy. Bu garrynyň oturan jaýyny obadaşlary ýowar edip salypdylar. Şol jaýjagazyň sähetli gün ýerini ölçänlerin-de Ýakupmyrat aga: «Tamyň agzyny meniň howlyma bakdyraýalyň. Çagalar girende-çykanda göz-gulak bolup durar ýaly» diýipdi. Ýakupmyrat aga bu naçaryň mellegi bilen öz mellegine deň gara göz bilen garardy. Şonuň üçin-de mellegiň gül-pürçük bolup oturmagy daşyndan seredene bu howlydan erkek kişiniň örmeýäni bildirmezdi.

Aýtuwak ejäniň mellegi biziň mellegimiziň aýak ujunda ýerleşýärdi.

Ejem her gezek çörek bişirenin-de tamdyryň boýy bilen boýdaş edip ýapýan çöreginiň iň owadanyny Aýtuwak ejä ibererdi. Ejem gara çorbadan başga näme bişirse-de, ilki bilen bir okarajyga guýardy-da, «Bar gyzym Aýtuwak eneňe nahar eltip gel. Sogap bolar» diýip, meni ugradardy. Men gulpagymy tasadyp çörek bolsa-da, nahar bolsa-da äkitmäge hemişe döwtalapdym.

Aýtuwak ejäniň gapysyny açanymdan «Merjen gyzym! Ýene çörek getirdiňmi. Wah, şu ejeňe çöregiň ýarjygny iberäý diýsemem hiç edenok-da. Gaýta «Aýtwak eje iýýeniňi iý, galanyny gatasa-da, özüm äkidip çagalara çorba dograp beräýerin diýýär» diýip, söze başlardy.

Aýtuwak ejäniň meni aýak sesimden tanaýşyna onuň nury öçük manysyz gözlerine geň galyyp serederdim.. Oňa çörek eltip berenim-de ownuk- uşak işleri bolsa, ederdim. Ýöne Ýakupmyrat aganyň agtygy Sülgün maňa iş goýmazdy. Haçan görseň ýa-ha, olara girip barýandyr ýa-da, çykyp barýandyr. Sülgüniň gijesine-de Aýtuwak ejäniň ýanyn-da ýatasy gelýär welin garrynyň özi göwnänok.

Bir gün ejem gün guşluk boluberen-de çörek bişirip geldi-de,

Çöreginiň arkasyn-da tamdyryň kesegi bolmasa-da «Halallyk üçin» diýp, howul-hara gazşdyryp, ýaýratdy. Ejem çörek gazap otyrka:

-Bar gyzym başatgyjymy al, Aýtuwak ejeleriň köçesindäki Bäşim aga pahyr bolupdyr. Şony ugratmaga gitjek» diýdi. Gapydan çykyp barşyna-da «Aýtuwak ejelere çörek äkidewergin gyzym» diýip goňşy aýýallar bilen gitdi. Men ejemiň edişi ýaly çörekleriň içinden iň ullakanyny hem-de gowy gyzaryp, ýalpyldap bişenini alyp saçaga doladym-da, Aýtuwak ejelere gitdim. Aýtuwak ejelere baranym-da onuň hem başyna pürenjek atynyp işik-de duranyna geň galyp:

— Aýtuwak eje! Siz nirä barýaňyz –diýip soradym. Ol:

-Merjen gyzym geleniň gowy bolaýdy. Ýör meni derwezäniň agzyna elit. H-o-l Bäşim agalardan çykan adamlar ses ýetime gelenini aýt-da onsoň eglenme-de öýňize gaýdyber-diýdi.

Hiç zada düşünmän onuň diýeniniň birinden özgesini ýerine ýetirdim. Aýtwak ejä «Oturguç getirip bereýinmi» diýsem, «Gerek däl» diýdi. Bäşim agalar syrgynyň aňrybaşyndady. Olardan topar tutup çykan adamlar gaty-gaty ýöräp bize tarap gelýärdiler. Adamlaryň golaýa gelenini aýdanym-da Aýtwak eje:

-Bar gyzym, indi gaýdyber. Men bir ýüregimi dökeýin –diýdi. Çaga bilesigeljiligim öýmüze gaýtmakdan saklady. Tamyň ýeňsesin-de duran ýerimden Aýtuwak ejä syn etdim. Onuň batyl gözleriniň kirpikleri syh-syhdy. Göz almasy hem nury öçük bolsa-da lowurdap durdy. Ýöne näme üçindir ýüzin-de beýleki aýallaryňkydan üýtgeşik bir alamat bardy. Akja gyňajynyň ýaşmagy alkymyndan aýlangydy. Ýaňaklaryn-da hasratly ýyllaryň aýak yzlary bardy.Gyzyl el çabytlykdan tikilen başatgyjy göwşüllän bolsa-da, teýin-de sünnälenip tikilensoň öwadandy. Aýtuwak ejäniň derek boýy egilipdi. Şonuň üçin egnindäki sowsany köýneginiň öň etegi ýere galtaşyp durdy. Ol gädigiň söýesine söýenip durşuna batyl gözleri bilen aýak sesi gelýän tarapa bakyp tutuşlygyna gulaga öwrülip durdy. Adamlaryň aýak sesleri eşdileninden Aýtuwak eje:

— Ha Bäşim dogan senem ýola düşip barýaňmy. Gandarym ajal meniň Gyyç doganymy namyrat alyp gitdiňle. Jynazasy okalmadyk, ýüzüne gül suw sepilmedik mazarsyz dogan-eý. Naçar uýasyny ýalňyz goýan dogan-eý. Gara daglam ýykyldy-la, çynar boýlaň kesildi-le. Laçyn dogan, gögele dogan, tä ýanyňa barynçam aglaryn dogan-eý. Dag arsalanna per bermedik doganym ganym güllesine gapyl basdyrdyň-la. Öl-ölünçäm ahmyryňdan çykma ýokdur. Dirilik-de gül ýüzüňe bakma ýokdur. H-a-aý çarhy peleg-eý, bir maňa tarap aýlansana. Namyrat doganymyň, gyzyl kürte açmadyk, gyz ýüzüne bakmadyk är doganmyň, zor doganmyň gül ýüzini bir göreýin-ä–diýip aýylganç ses bilen aglamaga başlady. Onuň sesini eşdenimden beýnimiň inçejik damarlaryndan buz ýaly suwuklyk ýöräp gitdi. Gözümden bolsa gyp-gyzgyn ýaş akmaga başlady. Hiç kim urmasa-da, käýýemese-de aglanýandygyny birinji gezek görşümdi.

Dowamy bar...
8
805
Myhman Baby
20 Mart 2020
Meyilnamany duzup baslamaly welin seyle bir yaltanyan kellame hic zat gelenok
Carygulyuew Dowran...
20 Mart 2020
Salam gowy gowymy ozin bolya nesip bolsa basardygymdan komek ederin
Myhman Myhman
20 Mart 2020
Slm Dowran men su yylyn adyna bir duzme yazmalydym kyn gormeseniz meyilnamasynda sizden komek sorajakdym hormat bn baby
Carygulyuew Dowran...
20 Mart 2020
Kod sorasa gelyara telefona sony yazay
Myhman Jeren
20 Mart 2020
Howwa Dowran girip gordum imo bolmady kod soraya
Carygulyuew Dowran...
20 Mart 2020
Men dusinmedim nomer ulanyan yone imo islanok seylemi imo akawundy udalit etde sol girjek bolyan nomerini yaz bolya gitjek yeri yok duzgun boyunca bolmaly sol
Myhman Jeren
20 Mart 2020
Howwa men nomry barlap gordum bolmady
Carygulyuew Dowran...
20 Mart 2020
Onda girip bolya so nomeri yazsan onki imo cykmaly aftamat
Myhman Jeren
20 Mart 2020
Yok Dowran nomr islep ulanylyp yorlen yone imo girmendir men on adymdan ayirmakam bozmadym oytyen
Carygulyuew Dowran...
20 Mart 2020
Salam jeren gowymy yagdayyn . Men pikirimce bolanok jeren sen adyndan ayrylan nomer bolsa olam ocik bolsa bolmaz sebabi sms gelmelida kod sonsyz bolmayan bolaymasa

Yone on imony pozmadyk bolsan acyklygyna duran bolsa nomer ocirilsede islemegi mumkin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.