döwletgeldi sultanow
27.04.2023 23:57

Derdiňden...


Söýgi gecip gitdi deňimden zowlap,

Tylda galan ýürek aglar derdiňden.

Süýji günden jyda düşdüm alňasap,

Akyl mensiz, men akylsyz derdiňden.


Selceňlän sac, ýeňil göwre, agyr dert,

Göterip ýör bu aýaklar şertiňden.

Başym egik, egnim gysyk, ruhum pes,

Ýassy daban ýassaryp ýör derdiňden.


Men özümden gecip söýdüm, deregne,

Gacdym şaglap ,, ykbal " atly kertiňden.

Indi bolsa ýamak-ýamak ýüregim,

Ýaşamaga maý berenok derdiňden.


Doga bilen ötüp baryar remezan,

Kejir ýazgyt ýazylyp dur pertinden.

Gol acyp dilänim sen bolduň melek,

Aman eýle meni ýowuz derdiňden.


Nam-nyşan galmady, ynanaý durmuş,

Dowletgeldi atly öňki merdiňden.

On sekizde oda ýanyp başlapdym,

Ýigrim bäşim ötüp barýar derdiňden...


Döwletgeldi Sultanow

15
59
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.