BaýramBejidow
27.04.2023 10:11
SEN!

Kalbyma milt edip bilmez,
Puldan haly dokaýanam,
Mähriñ deý gark edip bilmez,
Meni Ýuwaş okeanam.

Saña ýetmek ýeke gamym,
Yşkyñ oduna tütäp men,
Teşnesi kän okamagyñ,
Açylmadyk bir kitap sen.

Iriñlän gussam bir ýana,
Zyñyp, saña el uzatsam,
Duýarmyñ meniñ söýgümi?,
Ses ýetimdenem uzakdan.

Ömür az bolmasa, käşgä,
Ähli wagtymy sarp edip,
Ýaşadardym seni dünýäñ,
Ähli bagtyna gark edip.

Ýylgyrsañ älem ýagtylar,
Gamlansañ garalar pany,
Ählisi bir köpük, sensiz,
Ýaşamakda barmy many?!.

Gözläp taparyn bir tärin,
Täleýim çyksa-da hetden,
Señ bilen galmak islärin,
Müdümilik ahyrýetde.

Köpüsi bagt gözleýär,
Puldan ýa-da ýüz-keşipden,
Ynan, çynymy sözleýän,
Üýtgeşik sen üýtgeşikden.

Beýle ägirt, uly bagta,
Belki, däldirnem mynasyp,
Eger doglan bolsa şol men,
Saña ýeketäk çyn a:şyk.

Üşetse durmuş añzagy,
Señ gujagyñda ýylaýyn,
Gara mañlaýmyñ ak ýerne,
Ýazylan sen bol ylaýym...

Awtory: Baýram Bejidow

22
157
BaýramBejidow
28 Aprel 2023
camel, bir zadyñ aladasyny etmek, gamyny iýmek manyda
camel
28 Aprel 2023
kowser,gul_,saña yetmek yeke gamym diyipdirda arzuwym diymelda onda
camel
28 Aprel 2023
Gam bilen arzuwyñ tapawudyny bilyan barmy arañyzda ?
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27 Aprel 2023
Şaperi❄️04, toýlarda şu goşgyny aýdym edip aýtdyp görjek nesip bolsa meň pikirimçe
Şaperi❄️04
27 Aprel 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98,bilmedimda🤷🏻‍♀️
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27 Aprel 2023
Şaperi❄️04, bu goşgyny aýdyma geçirsem gelşer gerek
gulshatayewa97
27 Aprel 2023
Wauw malades Baýram 👏👏👏👏🌺🌺🌹🌹❣️❣️❣️❣️🥰🥰🥰😍😍😍
Şaperi❄️04
27 Aprel 2023
😍😍) galamyňyzyň ujy yiti bolsun!!👏🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.