ylham_gurbanaly
27.04.2023 03:02
Ýene-de sensizlik düýnämi gurşan
Ýene-de birmeňzeş günleriň bary.
Ähli süýjilikleň tagamy turşan,
Yssyda undulan çekize ýaly.

Ýene-de şol güller süllerip otyr,
Ýene-de şol guşlar uçanok erkin.
Ruhym hereketsiz bedende ýatyr,
Gulagyma gelýän seslerem çirkin.

Ýene-de kejirlik öz işin edýär,
Ýene-de bakyşlam - bakyşy hassaň
Şatlygam her güni yzyna gidýär,
It deý üýrüp duran sesinden - gussaň

Emma, hiçisi-de bolmaz bakylyk
Bu zatlaram geçer-gider teý-ahyr
Şatlygy-da ýetip barar çakylyk,
Gussalary kowup, etsem tagapyl
Guşlar erkin uçup, hoşowaz saýrar
Ýylgyryp duranja bakyşym bolar
Güller görki bilen bar ýere yaýrar
Ylhamly bedenim aýaga galar
Ähli turşylara tapylar çäre,
Ajy ýatlamanam iýjek bal çalyp...

Hemmesi öz ornun taparam, ýöne
Bu ömürde sensiz gezjegim anyk...


Ylham GURBANALYÝEW
27
126
menesa___
28 Aprel 2023
Emma, hiçisi-de bolmaz bakylyk...
Myhman
27 Aprel 2023
Gaty gowy gosgy manyly
geldimyrat bayramow
27 Aprel 2023
Örän ajaýyp şygyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.