Mugallym okuwçylara deňziň ortarasynda batyp barýan gämi baradaky hekaýatyny gürrüň bermäge başlaýar:
«Gämi kem-kemden batyp ugraýar. Är-aýal zordan halas ediş gaýygyna ýüzüp barýarlar. Görseler, gaýykda ýeke adamlyk ýer galan eken. Onsoň, adamsy aýalyny mündürmegiň deregine özi gaýyga münýär. Şonda aýaly oňa soňky sözüni aýdyp galmak üçin şeýle diýýär:…»
Mugallym hekaýanyň yzyny gürrüň bermän, okuwçylara:
– Siziň pikiriňizçe şol aýal adamsyna näme diýen bolup biler? – diýip soraýar.
Okuwçylaryň köpüsi:
– «Seni itden beter ýigrenýärin! Gadyrbilmez, haramzada!» diýendir – diýip jogap berýär. Soňra, mugallym bir oglanjygyň sesini çykarman oturandygyny görüp, ondan hem soraýar. Oglanjyk:
– Mugallym! Meniň pikirimçe şol aýal adamsyna «Çagamyza gowja seretgin» diýendir – diýip jogap berýär. Mugallym geň galyp, ondan soraýar:
– Sen bu hekaýany öň bir ýerden eşidipmidiň?
Oglanjyk başyny ýaýkaýar:
– Ýok, mugallym! Ýöne meniň ejem bilen kakam hem aradan çykmankalar şeýle diýipdiler.
Mugallym uludan demini alyp:
– Hawa, seniň aýdyşyň ýaly – diýýär-de, hekaýanyň soňuny gürrüň berýär:
– Gämi batýar. Zenan deňizde gark bolýar. Ýaňky adam sag-aman öýüne dolanyp barýar. Gyzyny ösdürip-ýetişdirýär. Ençeme ýyldan soň gyz kakasynyň gündeligini tapýar. Asyl, gämi heläkçiliginiň öňüsyrasy onuň ejesi rak keseli bilen kesellän eken. Muny olaryň ikisi hem bilýär eken. Şonuň üçin gämi heläkçiliginde kakasy ejesiniň ýerine özi gaýyga münmeli bolupdyr. Kakasy gündeliginde şeýle setirleri galdyrypdyr: «Deňziň düýbüne onuň bilen bile çümüp gitmegi näler islärdim. Arman çagamyzyň geljegi üçin, aýalymyň bir özüniň deňziň düýbüne çümüp gidişini synlap durmaga mejbur boldum».
Käte gowy bilen erbedi biri-birinden tapawutlandyrmak, olaryň arasyndaky inçejik çyzgyny saýgarmak şeýle kyn düşýär.