BaýramBejidow
26.04.2023 02:01
Içim içime sygman,
Hiç kimiñ jañyn alman,
Assa ýagan ýagyş ýaly çisñedim,
Göreçlermiñ sokur ýerni ýagladym,
Agladym.

Hyýal gurdum gök asmanyñ astyndan,
Tekiz ýerde büdräp zemin üstünde,
Şemal össe gamyş ýaly galgadym,
Agladym.

Ejizlik erkege gelşenok welin,
Geçmiş demir ýaly geljegim ýelim,
Akmakda men, ölme elim salgadym,
Agladym.

Dünýeden örkümi üzesim gelmän,
Özümi topraga dözesim gelmän,
,,Geçer" diýip öz-özümi aldadym,
Agladym.

,,Şul oglan hemişe zeýrenýär..." Diýmäñ,
Ýas tutýar içimiñ içinde kinäm,
Egnimden düşürmän gussañ tabydyn,
Agladym.

Meniñ bu ykbaldan diläp alanym,
Şujagaz ak kagyz, gara galamym,
A şolaram ýakyp, ýyrtyp, dagadyp,
Agladym...

Awtory: Baýram Bejidow
20
102
Dovlet Ashyrov
26 Aprel 2023
👍🏻......
okayjy
26 Aprel 2023
" Şul oglan hemişe zeýrenýär..." Diýmäñ...👍
gulshatayewa97
26 Aprel 2023
Aglamak aýyp däl terk etse bagtyň, Aglamak aýyp däl aglaýyn bu gün
Uzukjemal
26 Aprel 2023
Galamyn kutelmesin👍🏻
işan
26 Aprel 2023
Galamyň ujy ýiti bolsun berekella 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.