Zenan oýlap tapyjylar
Meri Anderson
1902-nji ýylyň gyş paslynyň aýazly günleriniň birinde, ABŞ-nyň Alabama ştatynda ýaşaýan amerikan oýlap tapyjy zenany Meri Anderson Nýu-Ýorka sapara barýar. Ol trolleýbusda gidip barýarka, sürüjiniň garly howada öňki aýnalary arassa saklamagyň kyn bolýanlygy sebäpli, howanyň sowuklygyna garamazdan, ýoluň görnüşi arassa bolar ýaly, aýnany açyp sürmeli bolýandygyna üns beripdir. Alabama gaýdyp gelende Anderson sürüji tarapyndan dolandyryp bolýan aýna süpürijilerini oýlap tapypdyr. Ol bu oýlap tapyşy üçin patent alypdyr.
Jozefina Geris Kokreýn
Amerikan oýlap tapyjysy Jozefina Geris Kokreýn 1886-njy ýylda mehanizirlenen gap ýuwujy maşyny düzüpdir. Aýdylyşyna görä, Jozefina her gezek gap-gaçlar ýuwlanda farfor serwizleriniň bir-birine urlup zaýalanýandygyna gynanypdyr. Şol sebäpli hem ol: «Eger-de hiç kim gap-gaç ýuwýan maşyny oýlap tapmakçy däl bolsa, onda onuň bilen men meşgullanjak» diýipdir.
Bett Grem
Amerikan telekeçisi, öňki käri maşinist bolan oýlap tapyjy zenan Bett Grem korrektirleýji suwuklygy, ýagny ýalňyş ýazylan hatyň üstünden çalynýan agardyjyny oýlap tapýar. Öňki döwürde çap ediji maşynlarda ýalňyş ýazylan harplary pozmak örän kyn bolupdyr. Ýerli bankyň işgäri bolan Bett Grem ýalňyş ýazylan harplary pozman, üstünden reňk çalyp hem ýapyp bolar diýip oýlanypdyr. Ol akwarel boýagy bilen ýalňyşlaryň üstünden reňkläp, tejribe geçirip görýär. Bett bu oýlap tapmasyny 5 ýyllap hiç kime aýtman ulanýar. Bette reňkleýji suwuklygyň düzümini gowulandyrmaga oglunyň himiýa mugallymy kömek edýär. Soňabaka Bettiň ýanyna kärdeşleri ýygy-ýygydan ýalňyşlaryň üstüni reňkläp bermegini haýyş edip gelipdirler. Bu işden girdeji gazanyp boljakdygy barada pikirlenen Bett reňkleýji suwuklygy satuwa çykarypdyr.