https://owrenmeli.app/40260-lukman-we-hassa.html#comment
Melikee
25.04.2023 12:55
78 ýaşly bir adam agyr infakt hem dem gysma bilen hassahana äkidilýär we o ýaşula lukmanlar ähli gerekli ukoldyr derman bilen derdini azajyk ýeňledenden soň,özüne gelýänçä ony emeli kislarodda saklamaly bolýarlar.Aradan bir gün geçýär.Hassa özüne gelýär.Hassanyň ýagdaýynyň gowlaşanyny gören lukmanlar ýaşula kislarod üçin köp mukdarda töleg tölemelidigini aýtýarlar.Tölegi eşiden ýaşuly aglamaga başlapdyr.Muny gören lukman:"Ha ýaşuly,tölegi köp gördüňizmi?" diýip soranda,ýaşuly:"Ýok,köp göremok.Hat-da men bu tölegi nagt ýagdaýda hem töläp bilýän.Ýöne siz maňa 24 sagat kislarod berip,şunça pul talap etýäňiz.Maňa 78 ýyl kislarod beren Allanyň öňünde kislarodyň hakyny nädip ödärkäm,men şuňa aglaýan." diýip jogap beripdir.
32
212