gullnara_
25.04.2023 11:55

Mugallymyň göreldesi


Ýol bilen barýan bir gojanyň özüniň başlangyç synplardaky mugallymydygyny tanan ýigit:

— Salam, mugallym! Meni tanadyňyzmy? Men siziň okuwçyňyz –diýip, oňa ýüzlenipdir.

— Hä, hawa, men seni tanadym. Ýeri, bu wagt näme kär başynda? —diýip, goja mugallym ýigitden sorapdyr.

— Mugallymçylyk.

— Bu ýoly saýlamagyň sebäbi näme?

— Muňa höwes döreden sizsiňiz, mugallym.

— Bu käre men sende nädip höwes döretdimkäm?

— Siz bir ýola mende juda uly täsir galdyrdyňyz, şonda men özümiň hem ýaşajyk okuwçylarymyň bolmagyny isledim.

— Be, gyzykdyrdyň­aý, beýle men saňa niçik täsir etdimkäm?

Ýigit geň galyp sowal beripdir:

— Hakykatdanam, ýadyňyza düşenokmy? Ýatladaýaýynmy? Bir gezek synpdaş oglanymyz ata-enesiniň sowgat beren owadan sagadyny dakynyp geldi. Ol sagady goşaryndan aýryp, partanyň çekmesine saldy. Şeýle sagadymyň bolmagyny elmydama arzuw edýärdim. Men saklanyp bilmedim, amatyny peýläp, ol sagady çildim. Bahym ol oglan ýarym­ýaş aglap, sagadynyň gürüm­jürüm bolandygyny size aýtdy. Siz bize birlaý göz aýlap çykdyňyz­da, şeýle diýdiňiz: «Bu oglanyň sagadyny alan kişi ony yzyna gaýtarsyn».

Utanjymdan ýaňa ýere giräýjek bolsam hem, ol sagady elden gideresim gelenokdy, şonuň üçinem etmişimi boýun almadym. Siz gapyny gulplap, ählimize diwaryň öňünde düzülmegi tabşyrdyňyz. «Men ähliňiziň jübüleriňizi barlap çykjak, ýöne bir şertim bar. Hemmäňiziň gözüňiz mäkäm ýumulgy bolmaly» diýdiňiz.

Biz ylalaşdyk, şol pursadyň gysgajyk ömrümde iň utançly pursat boljagyny duýýardym. Okuwçylaryň jübülerini ýekän­ýekän barlap gelşiňize, ahyry meni hem barlap, sagady tapdyňyz. Şeýle­de bolsa, hataryň ahyry na çenli barlamagy dowam etdirdiňiz. Soňra bolsa: «Çagalar, indi boldy, gözüňizi açyň­da, ýerli­ýeriňize geçiň» diýdiňiz.

Hiç bir zat diýmezden, sagady hak eýesine gowşurdyňyz. Şol gün siz meniň abraýymy, ömrümi halas etdiňiz. Ogry, ýalançy, kezzap hökmünde köpüň içinde meni masgaralamadyňyz. Bu babatda meniň bilen aýratynlykda­da gürrüň açmadyňyz. Wagtyň geçmegi bilen, men munuň sebäbine düşündim. Sebäbi siz çyn mugallym hökmünde entek beýnisi bekemedik, gögele okuwçyny ýazgaryp, oňa ömürlik gara tagma basmak islemänsiňiz. Şonuň üçin menem mugallymçylygy saýladym.

Bu wakanyň täsirine düşüp, olaryň ikisi hem dymypdyr. Birazdan ýaş mugallym sowal bilen ýüzlenipdir:

— Meni tanan bolsaňyz, şol waka ýadyňyza düşmedimi?

Goja mugallym oňa şeýle jogap beripdir:

— Jübüleriňizi barlan mahalym meniňem gözüm mäkäm ýumulgydy.


Çeşme: «Biznes Reklama» gazetiniň 19.10.2020 senesindäki sany

35
201
ZeVa
29 Aprel 2023
Olya privet
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
olia, şu hasapda saklansak boldy post teswir nomeriňi tassykladmaly bolýar ýakyn günlerde ýöne haçandygny bilemok🙊
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
abat,abat, error diýip çyksa durýar şular ýaly gowy işläp dursa durmaýar
Güljagaz♡♡♡
28 Aprel 2023
abat, edip görmeli boljak....😁
olia
28 Aprel 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98,olar yaly bolsa aydylardy. Bolar diyip dalde boldy diylip. Bolan bolsada bilmedim fake hasap acmak zerurlygym yok🤷🏻‍♀️
Güljagaz♡♡♡
28 Aprel 2023
gul_, düşnikli....😐
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
olia, üýtgeşme nomerli regastrasýa bolmaly indi
abat
28 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,hawa durýar menem bir gezek error diýip duransoň öçirip täzeden ýükledim öz hasabyma göni girdi
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, pozma gowsy
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28 Aprel 2023
gul_, 🤦onsoň nomer bolmasa giribem bilmeýänine
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.