Ak ýürekli, ak göwünli jan ejem,
Gije-gündiz aladañ men ýüzlegiñ,
Daglary, derýany, zemini dörüp,
Mañlaýyma ak mañlaýy gözlediñ.
Depellini görmedim-ä jan eje!,
Duşanymyñ derñizleri garaly,
Eñräbem ýadadym, ýadatdym seni,
Menden ýaña señem göwnüñ ýaraly.
Deresogan, meñzeşi ýok ajylar,
Tükellenen mydarymy ýekeläp,
Asly ýaman, şumroýlanan, bahyllar
Umydymy üzýär herýan çekeläp.
Hörpi giden, horlanarmyş hor menem,
Arzuwlarym sygarmyka sagana,
Oýnap ekdim- boýnap çykmady bagtym,
Ýalñyzlykdan ,,dynsam " diýýän sag-aman.
Wadalary tozga ýaly uçup ýör,
Söýmekligem, içi ýelli şar eje!,
Magtap-magtap, seniñ ,,giñ" diýýän dünýäñ,
Şu günler-ä meniñ üçin dar eje!.
Gidemok, gidenok gussalarymam,
Sütem berýär, ant ýuwdan ykbalym,
Gitsemem asmany deşip çalaja,
Men zeminiñ bir künjinden jyklaryn.
Sen barkañ bu dünýäñ bagty birýana,
Senem birýanakañ, menem şol ýana,
...dynsa-da köçe,
Ýeñilmen eje... Söz berýän!...
Awtory: Baýram Bejidow