idealis kiz
24.04.2023 22:16

Ýaýdanmaklygyň zyýany.


Gadym zamanlarda bir dana kişi sellesiniň içine bir ýumurtga gysdyrypdyr-da, şäheriň iň köp mähelleli ýerine baryp:

– Şu gün bir bäsleşik geçirmek isleýärin. Oňa her kim gatnaşyp biler? Eger kim-de kim şu selläniň içinde näme bardygyny bilse, şol zady oňa sowgat berjek – diýipdir.

Selläniň “syry” barada pikirlenenler kän bolupdyr. Her kim özüçe pikir öwrüp, özüçe çaklamany orta atypdyr. Onýança-da töwerekdäkileriň biri:

– Biz ony nädip bileli? Biraz kömek et-dä! – diýip seslenipdir.

– Üns beriň! Selläniň içindäki zadyň edil ýumurtganyň sarysy ýaly sary göbegi bar, şol göbegiň daşy hem edil ýumurtganyň agyna çalym edip duran suwuklyk bilen örtülen. Bu ikisi hem juda ýeňillik bilen döwlüp bilinjek gabygyň içinde. Hany, indi biljek boluň, bakaly! Sellämiň içinde näme barka?

Dananyň ýanynda duran her kim selläniň içinde ýumurtgadan başga zadyň bolup bilmejekdigini bilýärdi. Ýöne hiç kim bu barada dil ýaryp bilmedi. Has takygy adamlar berjek jogaby bilen köpüň öňünde masgara bolmakdan çekinýärdiler. Eger selläniň içindäki ýumurtga däl-de, şoňa çalymdaş başga zat bolaýsa nätjek?! Belki dana bu sorag bilen has garaşylmadyk bir sapak bermek isleýändir. Garaz, gepiň keltesi, dana kişä batyrgaýlanyp jogap berip bilen adam tapylmandyr.

Dana şol bir sowaly ýene birnäçe gezek gaýtalaýar. Ýöne her näçe sorasa-da, sowal jogapsyz galypdyr. Ine, şundan soň dananyň özi şeýle diýipdir:

– Aslynda, jogap hemmäňize mälimdi – selläniň içinde ýumurtga bardy. Ýöne hiç kim mert jogap berip bilmedi. Siziň bu halyňyz töwekgelçilik etmäge, ýeňilmekden gorkman, hereket etmäge ýaýdanýanlaryň ahwalyna çalym edýär. Hakykatda welin, çözgütler juda aňsat. Her bir işde-de çykalga biziň akyl gözümize görünýär. Ýöne adamy düşnüksiz pikirler şeýle bir basmarlaýar welin, olar gitdigiçe gorka öwrülip, hakyky çykalgadan düýpgöter başga kararlara gelinýär.

21
239
idealis kiz
25 Aprel 2023
ideallider, bilmedim onno
ideallider
25 Aprel 2023
Men "Ahyrynda bir çaga "Ýumurtga bar" diýip gygyrdy" diýip okapdym👍
Güljagaz♡♡♡
25 Aprel 2023
gul_, goýanoklara....😒
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
25 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, howwa goýup görmeli dogry aýtýaň
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
25 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, post goýsam meňki goýlarmyka
Güljagaz♡♡♡
25 Aprel 2023
Post goýupdym agşam entägem goýulmandyr....😒
ideallider
25 Aprel 2023
eziz_annamow, alaç ýok😏
idealis kiz
25 Aprel 2023
😜CcRaZy GiRll 😜, 😉
idealis kiz
25 Aprel 2023
Akylla bir söz besdir, akmaga müň söz hebesdir.
😜CcRaZy GiRll 😜
25 Aprel 2023
eziz_annamow,öte gulkunch dalda yöne bu yazan jumlaniz Sizin Aly Hezretlerinizin Hezretlisininin Oğlu:(🤔🤨birhili bärde kemsitme yansylanma bolup gidyar:(😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.