ay_kiz_
24.04.2023 07:32
Garynjalar tarapyndan goralýan baglar beýleki baglara garanyňda ösüş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol baglaryň miweleri sagdyn bolup, garynjalar ony dürli mör-möjeklerden we kesellerden goraýarlar.
***
Ýer togalagynda garynjalaryň 10 müňe golaý görnüşiniň bardygy anyklanyldy.
***
Garynjalaryň gepleşmek serişdesi kellelerindäki tolkuntutarlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Hininden daş bir ýerde gabarasy uly owkat tapan garynja bir daşyň üstüne çykyp, tolkuntutarlaryny bir-birine degirýär. Habary eşiden garynjalar haýdan-haý şol ýere üýşmek bilen bolýarlar.
***
Garynjanyň süňki ýokdur. Emma olar öz agramyndan onlarça esse agyr ýüki göterip bilýärler.
***
Garynjalar uklamaýan jandarlara degişlidir.
***
Garynjalar näçe daşa gitseler-de, öýlerini tapyp bilýärler. Emma garynjalaryň käbir görnüşleri howanyň gyzgynlygy 54 gradusa ýetende ýarym sagatdan artyk daşarda galsa, hinini tapyp bilýän enjamynyň sazlaşygy bozulyp azaşýarlar.
***
Garynjalaryň täsin dünýäsi bar. Suw joşup, sil gelmeziniň öň ýanynda garynjalaryň gyzgalaňly ýaşaýşynyň üýtgeýändigine hindi alymlary ir döwürlerden bäri gözegçilik edipdirler. Olar öňki gatnaýan ýoluny taşlap, beýik agaçlara dyrmaşyp, aşak we ýokaryk dyngysyz gatnapdyrlar. Garynjalaryň murtlaryny çar tarapa öwrüp, özleriçe bir zatlary anyklap, soňra bir ýere üýşýändikleri aýan bolupdyr. Olar bir-birine bir zatlary habar berip, maslahat edip, ondan soň başga ýere göçüp başlapdyrlar. Netijede, garynjalaryň göçüp gaýdan ýerlerini suw alyp, täze gelen ýerleri bolsa abat galypdyr. Alymlar bu wakadan garynjalara tebigy hadysalary öňünden duýmak artykmaçlygynyň berilendigini anyklapdyrlar.
20
191
ideallider
25 Aprel 2023
Käbir garynjalar keselleseler, keselleri başgalara geçmezýaly, gaýduwsuzluk edip başga ýerik gidip ýekelikde jan berýärler👍
Dovlet Ashyrov
24 Aprel 2023
👍.....
ay_kiz_
24 Aprel 2023
Imissyou, 🙂👍
ay_kiz_
24 Aprel 2023
işan, salam, minnetdar, bolýa :)
işan
24 Aprel 2023
salam ay kiz gara garynjalar barada gowy maglumat 👍👍👍 sen sary agaç iýýän garynja baradada maglumat goýaý ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.